Talyp türgenlerimiziň üstünligi

3 Sentýabr 2021
1035

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda biziň zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiziň talyby Polina Gurýewanyň 59 kg-de üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp bolmagy ildeşlerimizi buýsandyrdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly türkmen sporty üçinem iň bir düşümli ýyllaryň biri boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Ýylyň başynda başga bir talybymyz, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň altyn medaly gowşurylypdy. Ýurdumyzyň sport taryhyndaky ilkinji zenan çempionymyzy Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň mübäreklän pursatlary hemmeleriň gözüniň öňündedir. Aprel aýynda bolsa türkmenistanly agyr atletikaçylar Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ine, Olimpiýa oýunlarynda bolsa Polina Gurýewa ähli watandaşlarymyzy taryhymyzdaky ilkinji olimpiýa medaly bilen begendirdi. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly türkmen sportunyň üstünlikleriniň ýyl ýazgysyna iň möhüm seneleriň biri hökmünde girdi.

Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emin.