Döwrebap mümkinçilikler

3 Sentýabr 2021
1005

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň sport ulgamyndaky bilim işi milli tejribäni netijeli ulanmak bilen birlikde, dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmäge gönükdirilýär. Bu babatda Diýarymyz dünýäniň köp döwletleri hem-de halkara federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Amala aşyrylýan bu işler ýaşlarymyzyň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaklaryna, sagdyn ösüp, jemgyýetimizde mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimizde sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalarynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşypdy. Täze binada talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek, türgenleşik, okuw işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin döwrebap şertler üpjün edilendir. Köpugurly sport toplumynda okuw we kompýuter otaglary bilen birlikde sportuň oýun görnüşleri üçin, basketbol, tennis, futzal we woleýbol meýdançalaryndan we türgenleşik zallaryndan ybarat bolan 1600 orunlyk sport toplumy bar. Şeýle-de, dzýudo, boks, grek-rim göreşi, erkin göreş, karate, taekwondo, gylyçlaşmak görnüşleri üçin okuw-türgenleşik zallary ýerleşýär.

Gaýgysyz KAKALYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.