Ital­ýan­la­ryň üçün­ji çem­pi­on­ly­gy

9 Sentýabr 2021
1182

Wo­leý­bol bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len 32-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. Yk­ly­myň 4 ýur­dun­da gu­ra­lan çem­pio­na­tyň fi­na­ly Ser­bi­ýa­nyň paý­tag­ty Belg­rad­da oý­nal­dy. Fi­nal­da ýer eýe­le­ri bi­len Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy du­şu­şyp, çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň 1-nji se­tin­de ital­ýan­lar 26:24 öňe saý­lan­dy. 2-nji set­de 25:22 ýe­ňiş ga­za­nan serb­ler ha­sa­by deň­le­di. Ýö­ne 3-nji, esa­san hem 4-nji set­de has er­jel oýun gör­ke­zen ital­ýan­lar 25:19 we 25:11 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, ta­ryh­da 3-nji ge­zek Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy­lar. Ita­li­ýa­nyň ze­nan­lar ýy­gyn­dy­sy mun­dan ozal 2007-nji we 2009-njy ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Ital­ýan­lar çem­pi­on­lyk ga­zan­mak­da je­mi 19 çem­pi­on­ly­gy (13-si ozal­ky SSSR-e de­giş­li) bo­lan Rus­si­ýa­dan soň 2-nji ýer­de bar­ýar­lar.

Soň­ky 2 ýa­ry­şyň ýeňijisi Ser­bi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek fi­nal­da as­gyn gel­di. Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy Pol­şa­nyň ýy­gyn­dy­syn­y 25:20, 25:19, 25:23 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.