Aziýa zolagynda 3-nji tapgyryň toparçalardaky ilkinji 2 duşuşygy oýnaldy. «A» toparçada Eýran ilki Siriýany Jahanbahşyň ýeke-täk goly bilen 1–0, soňra-da myhmançylykda Yragy Jahanbahşyň, Tareminiň hem-de Golizadehiň gollary bilen 3–0 ýeňdi. Yrak bilen golsuz deňme-deň oýnan Günorta Koreýa öz meýdançasynda Liwandan Kwon Çang-Hoonuň goly bilen 1–0 hasabynda üstün çykdy.
«B» toparçada esasy dalaşgärlerden Ýaponiýa öz meýdançasynda Omandan 1–0 asgyn geldi. Myhmanlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 88-nji minutda Al-Sabhi derwezä girizdi. Ýaponlar ikinji duşuşygynda myhmançylykda Hytaýyň ýygyndysyny şol hasap bilen ýeňmegi başardy. Hytaýy 3–0 ýeňen Awstraliýa myhmançylykda Wýetnamy-da 1–0 utup, iki tapgyry ýeňiş bilen tamamlady. Edil şonuň ýaly, Saud Arabystanynyň ýygyndysy-da Wýetnamy 3–1 ýeňenden soň, myhmançylykda Omany 1–0 hasabynda utdy.