"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Messiniň 80-nji goly

Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da oý­na­lan oýun­lar­da sa­na­wyň li­de­ri Bra­zi­li­ýa myh­man­çy­lyk­da We­ne­sue­la­ny 3–1 ýeň­di. Sam­ba­çy­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Mar­ki­ni­os, Bar­bo­sa hem-de An­to­ni der­we­zä gi­riz­di. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy myh­man­çy­lyk­da Ko­lum­bi­ýa bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nap, il­kin­ji ge­zek utuk ýi­tir­di. Ýeň­liş­siz bar­ýan Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy-da il­ki Pa­rag­waý bi­len deň­me-deň oý­na­dy. Bu ola­ryň 4-nji deň­li­gi­dir. Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Urug­wa­ýyň ýy­gyn­dy­syn­dan 3–0 üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Mes­si, De Pa­ul hem-de L.Mar­ti­nes ta­pa­wut­lan­dy. Mes­si mil­li to­par­da­ky 80-nji go­lu­ny ge­çir­di Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gyr­la­ryn­da­ky 27-nji go­lu­ny ge­çi­ren Mes­si bu ugur­da gwa­te­ma­la­ly Kar­los Ru­is (39), Kris­tia­no Ro­nal­do (36), eý­ran­ly Ali Daei (35) we Ka­rim Ba­ge­ri (28) da­gy­dan soň 5-nji ýer­de bar­ýar. Bo­li­wi­ýa­ny 3–0 ýe­ňen Ek­wa­do­ryň ýyl­dy­z hü­jüm­çi­si En­ner Wa­len­si­ýa du­şu­şyk­da 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy we mil­li ýy­gyn­dy­nyň iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy­sy bol­dy (33 gol). Şeý­le-de, Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da­ky 12-nji du­şu­şyk­lar şu gün oý­na­lar.

Bir söz­lem­de...

We­los­port bo­ýun­ça «Mo­nu­ment» bir gün­lük ýol bäs­le­şik­le­ri­niň bä­şin­ji­si bo­lan Il Lom­bar­dia ýa­ry­şyn­da (115-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär) UAE Te­am Emi­ra­tes to­pa­ry­nyň slo­we­ni­ýa­ly tür­ge­ni Ta­deý Po­ga­çar 243 ki­lo­met­ri 6 sa­gat 1 mi­nut 39 se­kunt­da ta­mam­lap, ita­li­ýa­ly Fa­us­to Mas­na­da­dan (Deceu­ninck–Quick-Step) hem-de bri­ta­ni­ýa­ly Adam Ýeý­tes­den (Ineos Gre­na­diers) öňe saý­lan­dy. ABŞ-da ge­çi­ri­len 43-nji Çi­ka­go ma­ra­fo­nyn­da (6 uly ma­ra­fon ýa­ry­şy­nyň 4-nji­si) er­kek­le­riň ara­syn­da pel­le­ha­na 2 sa­gat 06 mi­nut 12 se­kunt­da ge­len efio­pi­ýa­ly Sei­fu Tu­ra ýe­ňi­ji bo­lup, ol ame­ri­ka­ly Ga­len Rupp hem-de ke­ni­ýa­ly Erik Kip­ta­nui­den öňe saý­lan­dy.

Ger­ma­ni­ýa bi­len Da­ni­ýa Ka­tar 2022-niň ilkinji wekilleri

Gel­jek ýy­lyň no­ýabr-de­kabr aý­la­ryn­da ge­çi­ril­jek Ka­tar 2022 Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­jak 2 ýy­gyn­dy bel­li bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry wag­tyn­dan öň Ka­tar 2022-niň we­kil­le­ri bol­ma­gy ba­şar­dy. Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň Ýew­ro­pa zo­la­gyn­da to­par­lar 2 oýun

Çem­pi­on – Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy

UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň fi­na­lyn­da Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Mi­lan­da­ky «San Si­ro» sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şy­gyň bi­rin­ji ýa­ry­my is­pan­la­ryň şow­ly çy­kyş et­me­gin­de geç­di we ýat­da ga­ly­jy howp­ly pur­sat­lar bol­ma­dy. Bi­rin­ji ýa­ry­my gol­suz ge­çen oý­nuň ikin­ji ýa­ry­myn­da iki to­par hem baş­ga­ça oýun gör­kez­di. Oý­nuň 63-nji mi­nu­tyn­da çep gy­ra­dan ge­çi­ri­len hü­jüm­de fran­si­ýa­ly Teo Her­nan­de­siň bat­ly ur­gu­sy der­we­zä­niň ýo­kar­­sy­na de­gip yzy­na gaýt­dy. Şol pur­sa­tyň yzy­sü­re is­pan­la­ryň gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jü­min­de Ser­hio Bus­ket­siň pa­sy­ny alan Mi­kel Oýar­za­bal 64-nji mi­nut­da ha­sa­by aç­dy. Ýö­ne fran­suz­la­ryň bu go­la jo­ga­by gi­jik­me­di. 2 mi­nut­dan soň Mbap­pe­niň ge­çi­ren pa­syn­dan soň, Ka­rim Ben­ze­ma to­py owa­dan ur­gy bi­len der­we­zä gö­nük­di­rip, ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Du­şu­şy­gyň 80-nji mi­nu­tyn­da-da je­del­li pur­sat­da (of­saýt­my, däl­mi) Ki­li­an Mbap­pe to­py der­we­zä gi­riz­di. Emin­ler bu go­ly ha­sa­ba al­dy. Oý­nuň ga­lan mi­nut­la­ryn­da-da is­pan­la­ryň eden ta­gal­la­sy ha­sa­by deň­le­mä­ge ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şeý­le­lik­de, Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, 2-nji ge­zek ge­çi­ri­len UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Bu Fra

Sport syýasatynyň gadamlary

Giň mümkinçilikler Bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sport ulgamyny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ösüşli Watanymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde bina edilýän döwrebap sport desgalary raýatlaryň hormatly Prezidentimize bolan buýsanç duýgusyny oýarýar.

Ruhy belendiň işi rowaç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, netijede, ýaş nesli beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli sport desgalary, toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Arkadag Prezidentimiz: «Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris» diýmek bilen, bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrdy, halkymyzyň sagdyn we ruhubelent durmuşda ýaşamagyna zerur şertleri üpjün etdi. Bu günki gün raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesiller sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, öz durmuşlaryny oýlanyşykly, pähim-paýhasly garaýyşlardan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesini ýörelge edinip gurýarlar. Milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň baş maksady bolsa, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Şol e

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy özgertmeler, dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýan belent ösüşler ýaran bolýar. Bularyň gözbaşynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, jemgyýetimizden zyýanly pişeleri düýp-teýkary bilen ýok edip aýyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek babatda giň möçberli işlere badalga bermeginiň durýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Sebäbi diňe jemgyýet sagdyn bolanda, aýratyn hem ýaşlar berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolanlarynda, şol ýurduň ösüşiň ýoly bilen öňe gidýändigi aýdyň hakykatdyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyz Aşgabatdan başlap, ýurdumyzyň çar künjeginde dürli sport desgalary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Bular Arkadag Prezidentimiziň ýaş nesilleri atalyk aladasy bilen gurşap alýandygynyň, olaryň sagdyn, berk bedenli bolmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýändiginiň güwäsidir. Durmuşa geçirilen beýik işleriň netijesinde bu günki gün eziz Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde bütin dünýäde ykrar edildi.

Sport sagdynlykdyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ähli taraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegine, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna giň şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr». Sport sagdynlygyň gözbaşydyr. Sport bilen meşgullanýan adamlaryň kesele garşy durnuklylyk ukyby ýokary bolýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen baglanyşykly işleri ilkinji derejedäki wezipeler bolup durýar. Sporta höwesli ýaşlary bedenterbiýä we sporta giňden çekmek bilen bir hatarda, olary halkara ýaryşlara taýýarlamak, sportda taplanmagyny gazanmak we ussatlygyny ýokarlandyrmak babatdaky tagallalara aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, milli sportumyzyň halkara abraýy arşa galýar. Türgenlerimiziň ýokary derejelerdäki ýaryşlarda görkezýän netijeleri hem şeýle diýmäge esas berýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Tagallalar birleşende Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sporty ýeňişli ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýene bir bellemeli zat bolsa, ajap eýýamymyzda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz halkara ýaryşlarynyň, olimpiýadalaryň çempionatlaryň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygyny äşgär edýär.

Sport dünýäsi

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sport babatda hem durnukly ösdürilýänligi özara hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginden habar berýär. Dürli ýyllarda türkmen türgenleriniň Özbegistanda, özbegistanly sport hünärmenleriniň Türkmenistanda üstünlikli işländikleri sport babatdaky hyzmatdaşlygyň baý taryhynyň bardygyny görkezýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparyna gabatlap, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy janköýerleriň pikirini öwrenip, Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan mysaly ýygyndy düzdi.

Garaşsyzlyk we sport

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän «Garaşsyzlyk — bagtymyz»  atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan edebi eseriň tanyşdyrylyş dabarasyna ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport muzeýine syýahat etdiler.

Ezber oýunçynyň agtygy

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Türkmençilikde kesbiň atadan ogla geçýändigi hakynda bir söz bar. Bu sözüň asyrlaryň dowamynda subut edilip gelnen durmuş hakykatyna esaslanýandygyna her bir pursatda göz ýetirip gelýäris. Dünýäde millionlarça, hatda milliardlarça adamyň janköýerlik edýän futbol äleminiň «birmingemli ýyldyzy» üçin bu aýtgyny «Garry atanyň kesbi çowlugy üçin halal» diýip üýtgetsek ýerlikli bolsa gerek. Çünki, «Mançester Sitiniň» iňlis futboly üçin rekord hasaplanylýan baha transfer eden ýyldyzy Jek Griliş muňa esas berýär.

Sport – Arkadagymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi

Golaýda Gahryman Arkadagymyz TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde myhman hormatly Prezidentimiziň sport taýýarlygy barada öwgüli sözleri aýtdy we «Siz sportuň ynsan üçin örän möhümdigine, zerurdygyna, sportuň Siziň durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna haçan göz ýetirdiňiz?» diýip sowal berdi. Milli Liderimiz: «Bu duýgy, elbetde, beden üçin zerurlykdan emele gelen tebigy duýgudyr. SSSR döwründe geçen çagalyk ýyllarymda ýetginjekleri sport bilen meşgullanmaga çekmek işleri oňat ýola goýlupdy» diýip belledi. «Men beýleki ähli ýetginjekler ýaly, özüme ýaraýan, nyşana ok atmak, erkin we nusgawy göreş, welosiped we awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandym. Hormatly nyşanlara we beýleki sylaglara birnäçe gezek mynasyp boldum, ýetginjekleriň arasynda nusgawy göreş boýunça Respublikanyň birinjiliginde öz agram derejämde 1-nji orny eýeledim. Şol bir wagtda DOSAAF guramasy tarapyndan ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlarda pnewmatik ýaragdan ok atmak boýunça bäsleşiklerde tapawutlanyp, birinji orny eýeledim. Harby taýýarlyk boýunça bäsleşiklerde bolsa tüpeňden ok

Sport we ýaşlar syýasaty

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik sapaklary geçirilýär. Muňa mysal edip sportuň kikboksing, erkin göreş, futbol ýaly görnüşlerini görkezmek bolar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem sport çärelerininiň netijeliligini artdyrmaga giň orun berilýär. Her bir ýaryşlara uly gyzyklanma, uly höwes bilen gatnaşýan türkmen türgenleriniň sporta ymtylýandygyny buýsanç bilen nygtamak bolar. Şunuň bilen birlikde, stadionymzda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň tälimçileri tarapyndan alnyp barylýan okuw-sapaklary we türgenleşikler oňyn netijelerini berýär.

Derwezede – Batyr Babaýew

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň derwezeçisi Batyr Babaýewi milli çempionatymyz bilen gyzyklanýan janköýerleriň köpüsi gaýybana hem bolsa tanaýandyrlar. Onuň bilen geçiren söhbetdeşligimiz futbolsöýer okyjylarymyzyň bu zehinli derwezeçi bilen has ýakyndan tanyşmagyna ýardam eder diýen umydymyz bar. – Batyr, her bir zada bolşy ýaly, futbola bolan söýgüdir höwesem öz-özünden döremeýär. Seniň futboly saýlap almagyňa näme sebäp boldy?

TFF-niň täzelikleri

AFK-nyň Kubogynyň şu möwsümde geçirilýän bäsleşigine gatnaşan türkmen toparlarynyň oýunçylary Elman Tagaýew bilen Altymyrat Annadurdyýew iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ilkinji üçlükden orun aldylar. «Ahalyň» düzüminde AFK-nyň Kubogy-2021-iň Merkezi Aziýa sebitiniň toparçalaýyn bäsleşiginde, soňlugynda bolsa sebitiň finalynda çykyş eden Elman Tagaýew geçirilen duşuşyklarda 5 topy öz adyna ýazdyrmagy başardy. Sanawda üçünji orny eýeleýän «Altyn Asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bolsa garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 4-sini geçirmegi başardy. Bu futbolçylaryň ikisiniň hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

Sport – hemmeler üçin!

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sport bilen meşgullanmak ýedi ýaşdan ýetmişe çenli ähli ynsanlar üçin iňňän möhümdir. Bu mümkinçilikleri çäkli adamlar we çagalar üçin hem şeýle bolup durýar. Her dört ýyldan bir gezek Olimpiýa oýunlarynyň yzysüre mümkinçilikleri çäkli adamlaryň arasynda geçirilýän Paralimpiýa oýunlary hem munuň aýdyň mysalydyr. Mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin sportuň ähmiýeti adaty çagalardan birjik-de kem bolman, gaýta tersine, has-da uludyr.

Baýrama bagyşlanan ýeňiş

Golaýda Çuwaşiýa döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplaryndan düzülen «Bitaraplyk» topary Çeboksaryda geçirilen woleýbol boýunça halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy. Hindistandan, Iordaniýadan, Yrakdan, Müsürden, Gyrgyz Respublikasyndan, Siriýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan gelen talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik gyzykly boldy.

Taryhda şu gün

Ýeri gelende bellesek, Ž.Rogge Halkara Olimpiýa Komitetiň ýolbaşçylygyna ilkinji gezek 2001-nji ýylda saýlanylypdy. Ol şonda braziliýaly Huan Antonio Samarançyň ornuna gelipdi.

Utgaşykly alyp barýarys

Ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orny eýeleýän sport diňe beden sagdynlygyny berkitmegiň däl-de, eýsem, şahsyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň hem möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän adyl syýasatynyň netijesinde türkmen sporty ösüşiň täze basgançagyna galýar. Häzirki günde ýurdumyzda sport muşdaklarynyň aýratyn-da, sporta höwesek ýaşlaryň sany günsaýyn artýar, milli sport hereketi giň gerime eýe bolýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda bu ugurdan uly möçberli işler alnyp barylýar. Ruhubelentligi we sagdynlygy wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldesi ýaşlaryň sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryna, sport ussatlarynyň ýüze çykmagyna, ata Watanymyzyň sport ulgamynda täze sepgitlere ýetilmegine badalga bolýar. Şonuň netijesinde berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, halkymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek ýaly belent maksatly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň sport mekdebimizde hem türgenleşik işleri netijeli alnyp barylýar. Bu ýerde ýaşlar özleriniň isleg bildirýän dürli sport görnüşleri bilen türgenleşip bilýärler. Türgenleşik geçmek üçin ýörite sport zallary bolup, olarda işine ussat tälimçiler ýaşlara sportuň inçe tilsimlerini yhlas bilen öwred