UEFA Milletler Ligasynyň finalynda Fransiýanyň ýygyndysy Ispaniýanyň ýygyndysyny 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Milandaky «San Siro» stadionynda oýnalan duşuşygyň birinji ýarymy ispanlaryň şowly çykyş etmeginde geçdi we ýatda galyjy howply pursatlar bolmady. Birinji ýarymy golsuz geçen oýnuň ikinji ýarymynda iki topar hem başgaça oýun görkezdi. Oýnuň 63-nji minutynda çep gyradan geçirilen hüjümde fransiýaly Teo Hernandesiň batly urgusy derwezäniň ýokarsyna degip yzyna gaýtdy. Şol pursatyň yzysüre ispanlaryň garşylyklaýyn hüjüminde Serhio Busketsiň pasyny alan Mikel Oýarzabal 64-nji minutda hasaby açdy. Ýöne fransuzlaryň bu gola jogaby gijikmedi. 2 minutdan soň Mbappeniň geçiren pasyndan soň, Karim Benzema topy owadan urgy bilen derwezä gönükdirip, hasaby deňlemegi başardy. Duşuşygyň 80-nji minutynda-da jedelli pursatda (ofsaýtmy, dälmi) Kilian Mbappe topy derwezä girizdi. Eminler bu goly hasaba aldy. Oýnuň galan minutlarynda-da ispanlaryň eden tagallasy hasaby deňlemäge ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, Fransiýanyň ýygyndysy 2–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 2-nji gezek geçirilen UEFA Milletler Ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Bu Fransiýanyň halkara ýaryşlardaky 7-nji kubogy boldy. Didie Deşamyň tälimçiliginde 2-nji kubogyny gazanan Fransiýanyň ýygyndysy mundan öň Dünýä Kubogy, Ýewropa çempionaty, FIFA Konfederasiýa Kubogy ýaryşlarynyň hersinde 2 gezek çempion bolupdy. Fransiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynda, Ýewropa çempionatynda hem-de Milletler Ligasynda çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy boldy.
Fransiýanyň ýygyndysy ýarym finalda Belgiýany garşydaşynyň 2–0 öňe saýlanandygyna garamazdan 3–2 hasabynda ýeňipdi. Birinji ýarymda Karrasko (37) we Lukakunyň (40) gollary bilen öňe saýlanan Belgiýanyň derwezesinden fransuzlara ýeňiş getiren pökgüleri 62-nji minutda Benzema, 69-njy minutda penaltiden Mbappe hem-de 90-njy minutda Teo Hernandes geçirdi.