TFF-niň täzelikleri

8 Oktýabr 2021
1048

AFK-nyň Kubogynyň şu möwsümde geçirilýän bäsleşigine gatnaşan türkmen toparlarynyň oýunçylary Elman Tagaýew bilen Altymyrat Annadurdyýew iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ilkinji üçlükden orun aldylar. «Ahalyň» düzüminde AFK-nyň Kubogy-2021-iň Merkezi Aziýa sebitiniň toparçalaýyn bäsleşiginde, soňlugynda bolsa sebitiň finalynda çykyş eden Elman Tagaýew geçirilen duşuşyklarda 5 topy öz adyna ýazdyrmagy başardy. Sanawda üçünji orny eýeleýän «Altyn Asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bolsa garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 4-sini geçirmegi başardy.

Bu futbolçylaryň ikisiniň hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

Taýýarlan Parahat ÄRSARYÝEW,
sport synçysy.