Welosport boýunça «Monument» bir günlük ýol bäsleşikleriniň bäşinjisi bolan Il Lombardia ýaryşynda (115-nji gezek geçirilýär) UAE Team Emirates toparynyň sloweniýaly türgeni Tadeý Pogaçar 243 kilometri 6 sagat 1 minut 39 sekuntda tamamlap, italiýaly Fausto Masnadadan (Deceuninck–Quick-Step) hem-de britaniýaly Adam Ýeýtesden (Ineos Grenadiers) öňe saýlandy.
ABŞ-da geçirilen 43-nji Çikago marafonynda (6 uly marafon ýaryşynyň 4-njisi) erkekleriň arasynda pellehana 2 sagat 06 minut 12 sekuntda gelen efiopiýaly Seifu Tura ýeňiji bolup, ol amerikaly Galen Rupp hem-de keniýaly Erik Kiptanuiden öňe saýlandy.