Sport dünýäsi

10 Oktýabr 2021
1027

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sport babatda hem durnukly ösdürilýänligi özara hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginden habar berýär. Dürli ýyllarda türkmen türgenleriniň Özbegistanda, özbegistanly sport hünärmenleriniň Türkmenistanda üstünlikli işländikleri sport babatdaky hyzmatdaşlygyň baý taryhynyň bardygyny görkezýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparyna gabatlap, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy janköýerleriň pikirini öwrenip, Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan mysaly ýygyndy düzdi.