Sport sagdynlykdyr

12 Oktýabr 2021
1018

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ähli taraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegine, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna giň şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr».

Sport sagdynlygyň gözbaşydyr. Sport bilen meşgullanýan adamlaryň kesele garşy durnuklylyk ukyby ýokary bolýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen baglanyşykly işleri ilkinji derejedäki wezipeler bolup durýar. Sporta höwesli ýaşlary bedenterbiýä we sporta giňden çekmek bilen bir hatarda, olary halkara ýaryşlara taýýarlamak, sportda taplanmagyny gazanmak we ussatlygyny ýokarlandyrmak babatdaky tagallalara aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, milli sportumyzyň halkara abraýy arşa galýar. Türgenlerimiziň ýokary derejelerdäki ýaryşlarda görkezýän netijeleri hem şeýle diýmäge esas berýär.

Döwletmyrat GURBANOW,
Tejen etrap, şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.