Utgaşykly alyp barýarys

8 Oktýabr 2021
975

Ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orny eýeleýän sport diňe beden sagdynlygyny berkitmegiň däl-de, eýsem, şahsyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň hem möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän adyl syýasatynyň netijesinde türkmen sporty ösüşiň täze basgançagyna galýar. Häzirki günde ýurdumyzda sport muşdaklarynyň aýratyn-da, sporta höwesek ýaşlaryň sany günsaýyn artýar, milli sport hereketi giň gerime eýe bolýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda bu ugurdan uly möçberli işler alnyp barylýar. Ruhubelentligi we sagdynlygy wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldesi ýaşlaryň sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryna, sport ussatlarynyň ýüze çykmagyna, ata Watanymyzyň sport ulgamynda täze sepgitlere ýetilmegine badalga bolýar. Şonuň netijesinde berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, halkymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek ýaly belent maksatly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Biziň sport mekdebimizde hem türgenleşik işleri netijeli alnyp barylýar. Bu ýerde ýaşlar özleriniň isleg bildirýän dürli sport görnüşleri bilen türgenleşip bilýärler. Türgenleşik geçmek üçin ýörite sport zallary bolup, olarda işine ussat tälimçiler ýaşlara sportuň inçe tilsimlerini yhlas bilen öwredýärler. Türgenlerimiz hem öz başarnyklaryny görkezip, ýokary netijeleri gazanmaga çalyşýarlar. Tälimçilerimiz türgenleriň arasynda ululara hormat goýmak, zyýanly endiklerden daşda durmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýaly terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri geçirmeklige-de uly ähmiýet berýärler. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn hem-de berk bedenli bolup ýetişmeklerine oňyn täsir edýär.

Baýramdurdy TAGANOW,
Türkmenabat şäherindäki 8-nji sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary.