"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Şu gün ir bilen döwlet Baştutanymyz motosikletçiler kerweniniň ugratmagynda Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

«Hakyda göwheri» köňüllere şugla saçýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredýän her bir eserinde beýan edilýän pikirler, aňladylýan duýgular biz  — ýaşlar üçin kämil ýol-ýörelgedir. Daragtyň ömri onuň köküniň berkligine hem abatlygyna bagly. Edil şonuň ýaly, ynsan hem özüniň gelip çykyşy, asyl-aňyrsy bilen beýikdir. Ine, Milli Liderimiziň jöwher zehininden dörän täze «Hakyda göwheri» atly kitabynda hem hut şu pelsepe öňe sürülýär we okyjynyň öňünde ähli çuňlugy bilen açylýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň täze eserinde ynsany bagtyýar edýän esasy ýagdaýlaryň içinde milli buýsanjyň aýratyn ornunyň bardygyny dürli mysallaryň üsti bilen beýan edýär, öz milletiňe, halkyňa bolan söýginiň hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak ägirt güýje eýedigini düşündirýär. Aslynda, millilige bolan buýsanç Gahryman Arkadagymyzyň islendik eserinde hem kämilligiň daýanç nokady, watansöýüjiligiň beýik mysaly hökmünde öňe sürülýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň ähli oý-pikirlerini, ilkinji nobatda, Watana bolan öçmejek hem päk söýgä baglaýandygyny subut edýär.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Forumda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi. ABŞ-nyň wekiliýetine «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

16-njy dekabrda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 15-nji mejlisi geçirildi. Foruma gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Serbiýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar.

Gümrük gullukçylaryna döwrebap şertler döredilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. Biz muňa 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde ýerine ýetirilen işlerde hem aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.  2024-nji ýylyň ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin niýetlenilen 4 gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy, iýun aýynda bolsa Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary üçin niýetlenilen 4 gatly 32 öýli gulluk ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu günki günde bu döwrebap jaýlarda harby gullukçylar maşgala agzalary bilen erkana ýaşap, bagtyýar durmuşyň hözirini görýärler.

«Iran Agrofood»: netijeli hyzmatdaşlygy nazarlap...

Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. 16 — 18-nji dekabry öz içine alan serginiň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna hem uly orun berildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen açyldy. Ýokary guramaçylyga eýe bolan dabara ýygnananlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Bazarlarda Täze ýyl söwdasy dowam edýär

Islendik ýaşdaky adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygy, megerem, Täze ýyl bolsa gerek. Türkmençilikde yrym bar: «Täze ýylyň ilkinji gününi nähili garşylasaň, tutuş ýyl şo hili geçýär». Şonuň üçin-de adamlar bu baýramçylykda ýakyn hossarlaryny, dostlaryny begendirmek, olaryň ýüzüne şatlyk, begenç duýgularyny çaýmak maksady bilen, Täze ýyl sowgatlaryny gowşurýarlar. Nazu-nygmatdan dolduryp, saçak ýazyp, myhman garşylaýarlar. Elbetde, alnan sowgatlyklaryň, ýazylan saçagyň has göwnejaý bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, biziň ilkinji duralgamyz bazardyr söwda merkezleri bolýar.

Önümçilik tejribeligi üstünlikli tamamlandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, kämil ynsan bolup ýetişmekleri üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, bu bolsa ýaşlary saýlap alan hünärlerinden doly baş çykaryp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklyga iterýär. Şunda, ilkinji nobatda, nazaryýetde alan bilimiňi tejribelikde özleşdirmek zerur şertleriň biri hasaplanylýar. Munuň üçin bolsa ýurdumyzyň ähli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplar nazary bilimlerini tejribede özleşdirmekleri üçin ýörite bellenilen ýerlere ugradylýar. Şunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň 12 hepdelik önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda geçip gelmekleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Meniň talyplyk durmuşymda hem bu gezekki önümçilik tejribeligi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Çünki maňa hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň saýasynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda geçmek bagty miýesser etdi. Önümçilik tejribeliginiň dowamynda Ilçihana hem-de onuň konsullyk bölümine daşary ýurt raýatlaryndan hem-de şol ýurtda bolýan watandaşlarymyzdan gelip gowuşýan dürli arzalar boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolduk. Öz saýlap a

FAO Türkmenistanda okuw seminaryny geçirdi

19-20-nji dekabrda «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan suw jandarlary üçin iýmleriň önümçiligini, olaryň hilini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli okuw seminary geçirildi. Bu barada «tmcars.info» saýty habar berýär. Çäre FAO-nyň «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» TCP/TUK/3902 taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Seminara döwlet edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de milli balyk iýmlerini öndürijiler gatnaşdylar. Okuwy FAO-nyň halkara hünärmeni Tomas Şipton geçirdi. Çäräniň esasy mowzuklary suw jandarlary üçin iýmleriň taýýarlanyş usulyny işläp taýýarlamak, olaryň önümçiligi we fermalarda dolandyrmak boldy.

Ýaş estradaçylaryň üstünlikleri

Uly taryhy ösüşlere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2024» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik diňe bir ýaş estrada ýerine ýetirijileriniň bäsleşigi bolman, eýsem, ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň geljegine özboluşly garaýyşdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän bu iri möçberli döredijilik çäresi ýyl geçdigiçe, ýaş zehinli ýerine ýetirijileriň köp sanlysyny ýüze çykarýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony ajaýyp döwrümiziň belent maksatlaryna laýyklykda baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berlip, bu ugurda dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlary goldamak, zehinli aýdymçylary we sazandalary ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga, sungata bolan höweslerini ýokarlandyrmaga uly itergi berýär.

Nah ýüplük kärhanasynda...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy senagat zolagyna öwürmek, öndürilýän önümleriň görnüşini we mukdaryny artdyrmak, şeýle-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply milli harytlarymyzy eksport etmek boýunça alnyp barylýan işler aýdyň maksatly ata Watanymyzyň nurana geljegine gönügendir. Döwrüň we döwletiň döreden mümkinçilikleri ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususyýetçileri il-halk bähbitli tutumly işleri ýola goýmaga ugrukdyrýar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda aýratyn üns berilýän hususy pudagyň wekilleriniň — türkmen telekeçileriniň, işewürleriniň ykdysadyýetimiziň ösüşindäki paýy uludyr. Ýakynda açylyp ulanylmaga berlen «Gök saraý» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň Magtymguly köçesiniň 2-nji kilometrinde ýerleşip, ol ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň netijeli ýola goýlandygynyň subutnamasydyr. Hususy kärhananyň önümçilik we tehniki bazasy Ýewropadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan getirilen ýokary hilli enjamlar we täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabatyň brendleme görnüşi. Ol, esasan, satuwy güýçlendirmek üçin däl-de, kompaniýany tanatmak üçin hereket edýär. Ruçka (syýa galam), kürüşge, ýandepderçe we ş.m. görnüşindäki mugt kiçijik ýadygärlikler müşderini mahabat berijä has gowy çeker we oňa şol kompaniýany ýatda saklamaga kömek eder. Eger brend eýýäm tanalýan bolsa, onda ol ýadygärlik önüm imiji saklamaga ýardam eder.

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard 75,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, şu ýylyň 11 aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,2 million amerikan dollar möçberinde köpeldi. Umuman alnanda, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky ýyllarda yzygiderli artýar. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji 2021-nji ýylyň 11 aýynda 761,2 million amerikan dollaryna, 2022-nji ýylyň 11 aýynda 877,5 million amerikan dollaryna, 2023-nji ýylyň 11 aýynda bolsa 970,1 million amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 4. Marketing ulgamynda isleg we teklip

Meşhur «Бабаевский» haryt nyşany

Şokolad hakynda öňem kän ýazyldy. Ýöne islegi hiç haçan azalmajak haryt barada ýene-de ýazmaklygy makul hasapladyk. Megerem, şokolady halamaýan adam ýok bolsa gerek. Köp sarp edilýän önümleriň biri bolan bu önümiň önümçiligi ençeme ýyllar bäri, dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde şokolad önümçiligi we üpjünçiligi bilen meşgullanýan ençeme ýurtlar bar. Olaryň biri-de Russiýa Federasiýasydyr. Konditer önümlerini öndürýän kompaniýalarynyň arasynda esasy üç brendi («Красный Октябрь», «Алёнка», «Бабаевский») bilen dünýä meşhur bolan Russiýa şokolad öndürmekde ýöriteleşendir. Üç brendiň esasysy hasaplanylýan «Бабаевский» haryt nyşanly önümler gara şokoladlary bilen tanymaldyr. Moskwanyň Krasnoselskiý etrabynda ýerleşýän «Бабаевский» konditer önümleri konserni (Кондитерский концерн Бабаевский) ýurtda konditer önümlerini öndürýän iň gadymy kärhanalaryň biridir.

Täze kärhana gurlar

«Honda» kompaniýasy wodorod ýangyç elementlerini öndürýän ilkinji kärhanasyny açjakdygyny yglan etdi. Ýaponiýanyň Moka şäherinde ýerleşjek kärhana ýylda 30 müň wodorod ýangyç elementlerini çykarar. Beýlekiler elektroulaglary çykarýan döwründe kompaniýanyň wodoroda ýykgyn etmegi onuň wodorody ýangyç hökmünde benzinden has ileri tutýandygyny aňladýar. Şeýle-de geçen hepdäniň dowamynda «Honda» kompaniýasy 2000-nji ýyllaryň başynda önümçiligini ýatyran «Prelude» awtoulagynyň çykarylyşyny täzeden ýola goýjakdygy barada mälim etdi. Täze «Prelude» awtoulagy 2025-nji ýylda Tokioda görkeziler.

Jemi içerki önümi boýunça öňdebaryjy ýurtlar

«Visualcapitalist» portalynyň hünärmenleri Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna esaslanyp, dünýäde jemi içerki önümi boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň sanawyny düzdüler. Sanawda birinjiligi Hytaý eýýäm 10 ýyldan bäri elden bermeýär, ýurduň bu ýylky girdejisi 33,1 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Hytaýdan soňra sanawyň öňdebaryjy döwletleri şu yzygiderlilikde dowam edýär: ABŞ 29,2 trillion amerikan dollary, Hindistan 16 trillion amerikan dollary, Russiýa 6,9 trillion amerikan dollary, Ýaponiýa 6,6 trillion amerikan dollary, Germaniýa 6 trillion amerikan dollary, Braziliýa we Indoneziýa 4,7 trillion amerikan dollary, Fransiýa 4,4 trillion amerikan dollary, Beýik Britaniýa 4,3 trillion amerikan dollary, Italiýa 3,6 trillion amerikan dollary.

Kakao däneleriniň bahasy rekord görkezijä ýetdi

Geçen hepdäniň çarşenbe güni kakao däneleriniň bahasy rekord görkezijisini täzeledi. Onuň bir tonnasynyň nyrhy 12 müň 607 amerikan dollaryna ýetdi. Şu ýylyň başyndan bäri kakao däneleriniň bahasy üç esse gymmatlady diýip, «Market Watch» kompaniýasy habar berýär. Bu hadysa kakao-däneleriniň iň iri eksportçylary bolan Kot-d’Iwuarda we Ganada bolan gurakçylyk bilen baglydyr.