"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Milli buýsanjymyzyň beýany

«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023. Älemde owa­dan­lyk­da we ýyn­dam­lyk­da ady ar­şa çy­kan ahal­te­ke be­dew­le­ri türk­me­niň dün­ýä be­ren esa­sy gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men be­dew­le­ri­ne go­ýul­ýan sar­pa has-da be­len­de gal­ýar. Ta­ry­ha ser sa­la­ny­myz­da, be­dew at­la­ry­my­zyň hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nyň bir bö­le­gi­ne öw­rü­len­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Şöh­rat­ly ýol­la­ry ge­çen türk­men be­dew­le­ri di­ňe bir owa­dan­ly­gyň, ýyn­dam­ly­gyň ýo­ka­ry nus­ga­sy­ny gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, eýe­si­ne we­pa­ly­ly­gy, duý­gur­ly­gy we yn­san­la­ryň­ka ba­ra­bar asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Hal­ky­my­zyň kad­dy-ka­ma­ty, gy­lyk-hä­si­ýe­ti özü­ne ben­di ed­ýän be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze bo­lan söý­gü­si­ni do­ly be­ýan et­mek müm­kin däl­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz gaç­sa gu­tu­lyp, kow­sa ýe­ten öz aty­ny iň ýa­kyn dos­ty, syr­da­şy ha­sap­lap­dyr.

Bugdaýy hakdan dile, jöweni dersden

«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023. Mu­kad­des ki­tap­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, bugdaý jen­ne­ti gö­ren ösüm­lik­dir. Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­da bug­da­ýyň il­ki dö­rän mes­ge­ni ke­rem­li we sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy di­ýip bel­len­ilýär. 1904-nji ýyl­da pro­fes­sor Ra­fa­el Pam­pel­li Änew­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çi­ren ma­ha­lyn­da ak bug­da­ýyň ha­ky­ky Wa­ta­ny­nyň türk­men top­ra­gy­dy­gy­ny yl­my taý­dan anyk su­but et­di.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi

«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023. Häzirki aja­ýyp za­ma­na­myz­da ta­lyp tür­gen­le­ri­miz hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da baý­rak­ly orun­la­ry eýe­läp, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­na my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

Sport we bedenterbiýe

Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy bo­lan ýaş nes­liň aras­sa ah­lak­ly, ýo­ka­ry adam­kär­çi­lik­li, bi­lim­li, mak­sa­da ok­gun­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ba­bat­da äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­lar öz­le­ri­niň boş wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­ýär­ler. Olar sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýar­lar, be­den­le­ri­ni tap­la­ýar­lar, pi­kir­len­mek ukyp­la­ry­ny ös­dür­ýär­ler, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­na go­şant goş­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem ýaş­la­ryň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len dür­li çä­re­ler ge­çi­ri­lip du­rul­ýar. «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Bal­ka­na­bat ne­bit­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de TMÝG-niň Bal­ka­na­bat şä­her Ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si ge­çi­ril­di. «Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk» ady bi­len ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­na mek­de­biň ta­lyp ýaş­la­ry we mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar. Du­şu­şyk­da çy­kyş eden­ler sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­rip, türk­men ýaş­la­ry­nyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy we ru­hu­be­lent bol­ma­gy üçin döw­let de­

Türkmen hokkeýçileri kümüş medal gazandylar

«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023. Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň hok­keý­çi­le­ri Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da «A» to­par­ça­nyň üçün­ji di­wi­zio­nyn­da kü­müş me­dal eýe­le­di­ler.

Sport — üstünligiň girewi

«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023. Bedenterbiýe we sport be­de­ni ter­bi­ýe­le­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sport he­re­ket ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­ýär, be­de­niň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan adam­da dur­nuk­ly­lyk, tu­tan­ýer­li­lik, er­jel­lik ýa­ly hä­si­ýet­ler peý­da bol­ýar, yn­sa­nyň özü­ne bo­lan yna­my art­ýar. Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek­de hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan iş­le­ri ýaş­la­ra aý­ra­tyn bir gö­rel­de mek­de­bi bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty, sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek ug­run­da­ky bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry bi­ziň äh­li­miz üçin gö­rel­de mek­de­bi­dir.

Küşt oýny barada

«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023. Küşt oý­nu­nyň dö­re­ýiş ta­ry­hy, ösü­şi we dün­ýä ýurt­la­ry­na ýaý­raý­şy ba­ra­da dür­li ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra duş gel­mek bol­ýar. Dün­ýä yl­my do­la­ny­şy­gy as­ly türk­men top­ra­gyn­dan bo­lan Mu­ham­met As-Su­li­niň küşt bo­ýun­ça il­kin­ji res­mi däl çem­pio­ny­dy­gy­ny yk­rar ed­ýär. Bu yk­rar edil­me bu be­ýik tür­ge­niň ýa­şan za­man­la­ryn­da IX-X asyr­lar­da sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bol­man­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, türk­men tür­ge­ni­niň spor­tuň bu akyl-paý­has, aň ýe­ti­riş gör­nü­şi bo­ýun­ça ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny dün­ýä aýan ed­ýär.

Arkadag şäheri — hal­kyň buýsanjy

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Türkmen hal­kyn­da öý-ojak, maş­ga­la mu­kad­des ha­sap­la­nyl­ýar. Şeý­le mu­kad­des­lik­le­riň ýer­leş­ýän ýe­ri — Wa­tan her bir yn­san üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne uly sar­pa goý­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de bu gün se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk tä­ze, döw­re­bap şä­her dö­re­di. Bu şä­her bir­nä­çe ag­zy­bir maş­ga­la­la­ryň, be­re­ket­li ojak­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne ge­tir­jek şä­her bo­lar.

Mil­li baý­ra­my dabaralandyrjak bäs­le­şik­ler

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Hä­zir­ki bag­ty­ýar döw­rü­miz­de dur­nuk­ly ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýän ýur­du­my­zyň at­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, be­hiş­di be­dew­le­riň iň naý­ba­şy­sy­ny saý­la­mak ug­run­da bäs­le­şik ge­çir­mek dä­be öw­rül­di. Ol di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem tu­tuş adam­za­dyň ba­ha­syz gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len deň­siz-taý­syz be­dew­le­riň gö­zel­li­gi­niň öz­bo­luş­ly göz­den ge­çi­ri­liş hök­mün­de hal­ky­my­zyň ara­syn­da meş­hur­lyk ga­zan­dy.

Döwürleriň we göwünleriň şahyry

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­da, yk­ba­lyn­da ömür­ba­ky öç­me­jek yz gal­dy­ran dö­re­di­ji şahs­lar kän. Bu öç­me­jek, ýit­me­jek ýol­dan bar­ýan ki­şi­le­re aý­ra­tyn hor­mat, soň­suz söý­gi bi­len ga­ra­ýar­syň. Be­ýik Py­ra­gy­nyň se­ne­di­ne özü­ňem da­hyl­ly­dy­gy­ňa buý­san­ýar­syň.

Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Kalby kireňsiz körpeleriň, çagalaryň eý görýän zady erteki. Ynsan ömrüniň ýatdan çykmajak döwri bolan çagalyk döwrümizde mähriban enelerimiziň we atalarymyzyň gürrüň beren ertekileri her birimiziň kalbymyzda orun alandyr. Ertekiler her bir ynsanda gowy häsiýetleriň kemala gelmegine uly täsir edýär. Şonuň üçinem, ýaş nesilleri terbiýelemekde ertekileriň ähmiýeti örän uludyr.

23-nji ap­rel —iň­lis di­li­niň hal­ka­ra gü­ni

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Her ýylyň 23-nji aprelinde Halkara iňlis dili güni bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasy resmi dilleriň her biri üçin senenamada 6 güni belleýär.

Şahyr diňe goşgy ýazanok

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Şahyr diňe goşgy ýazanok. Şahyr diňe döwrüni wasp edip oňanok. Şahyr diňe okyjylaryna şatlyk paýlanok.

Türkmen suwda ýüzüjileri Özbegistanyň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Türkmen suw­da ýü­zü­ji tür­gen­le­ri Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça açyk çem­pio­nat­da 4х100 metr­lik kom­bi­nir­le­nen ut­gaş­dy­ry­lan es­ta­fe­ta gör­nü­şi bo­ýun­ça kü­müş me­da­ly ga­zan­dy­lar. Tür­gen­le­ri­miz bel­le­ni­len ara­ly­gy 4 mi­nut 07,09 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy­lar.

Türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatynda

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Türkmenistanyň ýygyndy topary Hokkeý boýunça dünýä çempionatynda «A» toparda (3-nji diwizion) Lýuksemburgyň toparyny utdy. Duşuşyk Keýptaunyň (Günorta Afrika Respublikasy) «Buzly stansiýa» meýdançasynda guraldy we 4:1 hasabynda türkmen hokkeýçileriniň peýdasyna tamamlandy.

Öňde belent sepgitler bar

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýaş­la­ry­my­zyň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, we­la­ýat­la­ry­myz­da we oba­dyr şä­her­le­ri­miz­de sport des­ga­la­ry, kö­pu­gur­ly sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Er­tir­ki gün döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­den par­lat­jak mil­li tür­gen­le­ri­mi­zi ir­gö­zin­den taý­ýar­la­mak üçin sport mek­dep­le­ri hem he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem Kö­neür­genç et­ra­byn­da­ky 1-nji sport mek­de­bi­dir.

Türkmenistanyň XXXI milli futbol çempionaty

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Paýtagtymyzdaky «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da «Kö­pet­dag» bi­len «Şa­ga­dam» to­par­la­ry güýç sy­na­nyş­dy­lar. Bi­rin­ji tap­gy­ryň il­kin­ji du­şu­şy­gy paý­tag­ty­my­zyň to­pa­ry­nyň 2:1 ha­sa­byn­da­ky ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy.

Çagalary milli ruhda terbiýelemek

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023. Hormatly Pre­zi­den­ti­miz be­dew ba­dy bi­len gün­sa­ýyn ösüp öz­ger­ýän ýur­du­myz­da ça­ga ter­bi­ýe­si­ni, ola­ryň ge­l­jek­de wa­tan­sö­ýü­ji, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, edep-ter­bi­ýe­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lap, taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýär.

Müň bir derdiň dermany

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly düýp­li yl­my işi­niň XIV jil­di­niň iň­lis di­lin­de çap edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­jesin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len öza­ra dü­şü­niş­mek esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Haýyr-sahawat pursatlary

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Ýurdumyzda her ýylda döwletimiz tarapyndan bellenilýän baýramçylyk seneleriniň hatarynda, Gadyr gijesi ildeşlerimiziň sahawatdan doly ýürekleriniň hemrasy bolýar.