«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023.
Älemde owadanlykda we ýyndamlykda ady arşa çykan ahalteke bedewleri türkmeniň dünýä beren esasy gymmatlyklarynyň biridir. Häzirki döwürde türkmen bedewlerine goýulýan sarpa has-da belende galýar. Taryha ser salanymyzda, bedew atlarymyzyň halkymyzyň durmuşynyň bir bölegine öwrülendigini görmek bolýar. Şöhratly ýollary geçen türkmen bedewleri diňe bir owadanlygyň, ýyndamlygyň ýokary nusgasyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, eýesine wepalylygy, duýgurlygy we ynsanlaryňka barabar asylly gylyk-häsiýeti bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň kaddy-kamaty, gylyk-häsiýeti özüne bendi edýän behişdi bedewlerimize bolan söýgüsini doly beýan etmek mümkin däldir. Ata-babalarymyz gaçsa gutulyp, kowsa ýeten öz atyny iň ýakyn dosty, syrdaşy hasaplapdyr.