Öňde belent sepgitler bar

23 Aprel 2023
423

«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023.

Ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýaş­la­ry­my­zyň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, we­la­ýat­la­ry­myz­da we oba­dyr şä­her­le­ri­miz­de sport des­ga­la­ry, kö­pu­gur­ly sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Er­tir­ki gün döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­den par­lat­jak mil­li tür­gen­le­ri­mi­zi ir­gö­zin­den taý­ýar­la­mak üçin sport mek­dep­le­ri hem he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem Kö­neür­genç et­ra­byn­da­ky 1-nji sport mek­de­bi­dir.