Sport we bedenterbiýe

30 Aprel 2023
480

Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy bo­lan ýaş nes­liň aras­sa ah­lak­ly, ýo­ka­ry adam­kär­çi­lik­li, bi­lim­li, mak­sa­da ok­gun­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ba­bat­da äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­lar öz­le­ri­niň boş wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­ýär­ler. Olar sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýar­lar, be­den­le­ri­ni tap­la­ýar­lar, pi­kir­len­mek ukyp­la­ry­ny ös­dür­ýär­ler, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­na go­şant goş­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem ýaş­la­ryň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len dür­li çä­re­ler ge­çi­ri­lip du­rul­ýar.

«Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Bal­ka­na­bat ne­bit­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de TMÝG-niň Bal­ka­na­bat şä­her Ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si ge­çi­ril­di. «Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk» ady bi­len ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­na mek­de­biň ta­lyp ýaş­la­ry we mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar. Du­şu­şyk­da çy­kyş eden­ler sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­rip, türk­men ýaş­la­ry­nyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy we ru­hu­be­lent bol­ma­gy üçin döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len be­ýan et­di­ler.

Ro­za SABUROWA,
Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň 4-nji sport mek­de­bi­niň inst­ruk­tor-usu­ly­ýet­çi­si.