«7/24. tm», № 17 (152), 24.04.2023.
Häzirki bagtyýar döwrümizde durnukly ösüşleri başdan geçirýän ýurdumyzyň atçylygynyň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen, behişdi bedewleriň iň naýbaşysyny saýlamak ugrunda bäsleşik geçirmek däbe öwrüldi. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygyna öwrülen deňsiz-taýsyz bedewleriň gözelliginiň özboluşly gözden geçiriliş hökmünde halkymyzyň arasynda meşhurlyk gazandy.