"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­dä­ki sag­lyk eda­ra­la­ry­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamalary berildi.

Ça­ga­lar üçin sow­gat

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy ge­çi­ril­di

Yk­bal­lar­da şan­ly se­ne

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  1-nji sentýabr diýlende, göz öňüňe bada-bat şadyýan çagalardan doly ak mekdep hem-de goýnuna jemlenen uly-kiçi hemmeleriň kalbyny tolgundyryjy şatlykdan pürepürleýän «Ilkinji jaň» dabarasy gelýär. Häli-häzirlerem, mekdebi tamamlanyňa nije ýyllar geçenem bolsa, onuň deňinden geçeniňde hemmeleri joşduran şol jaň sesi biygtyýar gulagyňda ýaňlanýar. Şeýdip, haýsy kärde zähmet çekip, näçe ýyl ömri arka atandygyna garamazdan, ynsan üçin ylym-bilim dünýäsiniň merhemetli gapysynyň açylýan güni — 1-nji sentýabr ykbalyň iň şanly seneleriniň biri bolup, her ýyl millionlarça, belki-de milliardlarça adamyň göwün guşuny asmana uçuryp, gaýta-gaýta gaýtalanyp gelip dur.

Oka­dym diý­me, bil­dim diý!

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Oka­mak duý­gu­la­ryň iň go­wu­sy­dyr. Us­sat ýa­zy­jy-şa­hyr­lar öm­rü­niň ýa­ry­sy­ny okap ge­çi­rip­dir­ler. Meş­hur fran­suz ýa­zy­jy­sy Şarl Lui Mon­tesk­ýe: «Ýa­rym sa­gat oka­mak bar gam-gus­sa­la­ry­my sü­pü­rip alyp gid­ýär» di­ýip­dir. Öz döw­rü­niň iň meş­hur tag­ly­mat­çy­sy, di­le­war­ly­gy bi­len ta­na­lan Jon Braýt ir­gin­siz oka­ma­gyň ne­ti­je­sin­de şeý­le de­re­jä ýe­tip­dir. Bel­li ne­mes şa­hy­ry Gýo­te bol­sa öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ryn­da: «Oka­ma­gy öw­ren­mek sun­gat­la­ryň iň ky­ny­dyr... Öm­rü­miň seg­sen ýy­ly­ny oka­ma­ga ba­gyş­la­dym, şon­da-da özüm­den göw­nüm hoş diý­sem, ýa­lan söz­le­di­gim bo­lar» di­ýip­dir.

Tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek hakynda Karar kabul edildi.

Habarlar gysga setirlerde

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­her Ge­ňe­şiniň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si hem-de Da­şo­guz şä­her Me­de­ni­ýet mer­ke­zi bi­len bi­le­lik­de gur­na­magyn­da ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da «Küşt­dep­di — kö­ňül­le­riň joş­gu­ny» ady bi­len aý­dym-saz­ly du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da çy­kyş eden­ler YU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýyl­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dog­ru­syn­da giň­den gür­rüň ber­di­ler.

Hü­nä­re hö­wes

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Her bir ynsan eýýäm çagalygyndan başlap, haýsy hem bolsa, bir kesp-käri saýlap, öz ýanyndan göwün ýüwürdip başlaýar. Biri çeper filmlerde tomaşa edýän aktýorlarynyň keşbini özüçe janlandyryp, öz ýanyndan özüni şol aktýordyryn diýip pikir etse, ýene biri aýdyma zowladyp, aýdym aýdar ýörer. Deň-duşlarymyň hemmesi öz saýlan kesp-kärlerini hemme zatdan eý görüp, şol arzuwlaryna ýetmek pikiri bilen hem ýaşardylar. Hatda olaryň arasynda eýýäm şol käre durky-düýrmegi bilen berlip, «täze açyşlaryň aladasynda ýaşaýanlary» hem bardy. Özüm hakynda aýtsam welin, heniz haýsy käri saýlajagymy bilmän, göýä özümi Marsdan ýaňyja ýere düşen ýaly alyp barardym. Goňşymyzyň «r» diýip bilmeýän ogly Rejebem öz adyny «Iýejep» diýip tutsa-da, şol hem eýýäm kär saýlap, öz ýanyndan özüni ulag bejerýän güýçli ussa hasaplap ýördi.

Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­nyň duşuşyklary

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­nyň çär­ýek-fi­na­ly­nyň üç du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Olar­da «Ar­ka­dag» to­pa­ry «Şa­ga­da­my», «Al­tyn asyr» «Mer­wi», «Ne­bit­çi» bol­sa «Aş­ga­ba­dy» ka­bul et­di.

«Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň Ça­gy­ryş li­ga­syn­da­ky gar­şy­daş­la­ry bel­li bol­dy

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Azi­ýa­nyň Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­dä­ki ştab kwar­ti­ra­syn­da AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­sy­nyň il­kin­ji möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­je çe­kiş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­sy­nyň «B» to­par­ça­syn­da çy­kyş eder.

Mil­li di­zaý­nyň döw­re­bap gör­nüş­le­ri

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň çe­per me­de­ni­ýe­ti düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti çe­per se­net­le­riň ösü­şin­dä­ki naý­ba­şy esas­la­ry özün­de jem­läp­dir. Türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­ny, urp-adat­la­ry­ny my­na­syp şöh­le­len­dir­ýän mil­li di­zaýn sun­ga­ty­myz mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ol ga­dy­my dö­wür­den bä­ri ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň dö­red­ýän el iş­le­ri, na­gyş­la­ry we türk­men mi­lli ly­ba­sy­nyň gör­nüş­le­ri gir­ýär. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň tej­ri­be­li ag­za­la­ry uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Şol se­bäp­li-de, türk­men hal­ky­ny tu­tuş Ýer ýü­zü­ne şöh­rat­lan­dy­ran bu sun­ga­tyň äh­mi­ýe­ti döw­let hem hal­ka­ra de­re­je­sin­de ju­da wa­jyp­dyr.

Ýaş­lar ýe­ňiş­li ýol­lar­da

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li spor­ty we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mek ug­run­da­ky giň ge­rim­li iş­ler us­sat tür­gen­le­riň sa­ny­nyň gün­sa­ýyn art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Hatda ýur­du­my­zyň iň çet­ki et­rap­la­ryn­da­dyr oba­la­ryn­da ýaş­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur şert­le­ri özün­de jem­le­ýän sport mek­dep­le­ri­niň, sport top­lum­la­ry­nyň we sta­di­on­la­ryň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi us­sat tür­gen­le­riň hem sa­ny­nyň gün-gün­den art­ma­gy­na ge­tir­di. Bi­ziň et­ra­by­myz­da-da öz­le­ri ha­kyn­da edil­ýän ala­da­la­ra ýo­ka­ry ýe­ňiş­le­ri, sport üs­tün­lik­le­ri bi­len jo­gap ber­ýän ýaş­la­ryň bir­nä­çe­si ha­ly­pa­la­ryň elin­de tä­lim alyp, öz us­sat­lyk­la­ry­ny bar­ha art­dyr­ýar­lar. Şeý­le ýaş­la­ry­my­zyň bi­ri-de Ha­laç et­ra­byn­da­ky 24-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy An­na­my­rat Der­ýa­ku­ly­ýew­dir.

In­di­ki du­ral­ga haý­sy?

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  To­mus pas­ly äh­li ýaş­da­ky, äh­li kär­dä­ki yn­san­la­ryň söý­gü­li pas­ly ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi özü­niň he­zi­llik­le­ri bi­len gö­wün­le­ri hoş­la­ýan bu pa­syl dynç alyş­lar­dyr ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len kör­pe­le­ri­miz­den baş­lap, äh­li ýaş­da­ky ra­ýat­lar üçin döw­re­bap dynç al­ma­ga, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mä­ge, sag­lyk­la­ry­ny di­kelt­mä­ge giň şert­ler dö­re­di­len. Köpsan­ly ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar öz­le­ri­niň ga­py­la­ry­ny to­mus pas­lyn­da hem giň­den aç­ýar.

Dil­de se­nam ― Türk­me­nis­tan

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny 1991-nji ýyl­da ga­zan­dy. Her ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­dir.

Türkmen samboçylary dünýä kubogynda

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Sam­bo bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri 15-16-njy aw­gust­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­na gat­naş­dy­lar. Sport sam­bo­sy we sö­weş sam­bo­sy nus­ga­la­ry bo­ýun­ça er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­le­rde mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň 29-sy çykyş etdi. Oýun­la­ryň bi­rin­ji gü­nün­de sport sam­bo­sy bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da gu­ra­lan tut­lu­şyk­lar­da 58 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­ge­ni Ba­ba­mu­rat Baý­ra­mow öz­be­gis­tan­ly tür­gen Mu­nis Bah­ti­ýo­row bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la, 71 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden tür­ge­ni­miz Kam­bar Uma­row «FI­AS 2» to­pa­ry­nyň tür­ge­ni Ulad­zis­lau Mar­du­se­wiç bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la eýe bol­dular.

Sport. Saglyk. Ruhubelentlik

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Da­şa­guz we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky Ak­de­pe et­ra­by­nyň 2-nji sport mek­de­bin­de spor­tuň 7 gör­nü­şi bo­ýun­ça tä­lim be­ril­ýär. Olar boks, ýaý­dan ok at­mak, bas­ket­bol, wo­leý­bol, fut­bol, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis, ada­ty-ka­ra­te gör­nüş­le­ri­dir. Bi­ziň mek­de­bi­miz­de us­sat tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ryň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýaş tür­gen­le­riň 500-den gow­ra­gy okuw-tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­ny geç­ýär­ler.

Hatly bukjalar

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Bo­sa­ga­da — güýz pas­ly. Bi­lim ojak­la­ryn­da mek­dep­ler­de tä­ze okuw ýy­ly­na jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry me­ýil­na­ma bo­ýun­ça güýz­de edil­me­li iş­le­riň ala­da­sy bi­len güm­ra. Sport mek­dep­le­rin­de we et­rap­dyr şä­her­ler­dä­ki be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lüm­le­rin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek, ola­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek bo­ýun­ça gyz­ga­laň­ly işler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri bol­sa äh­li ul­gam­lar­da­ky iş­ler­de iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler.

Myh­man küşt­çi

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Onuň gel­jek ha­ba­ry oba­nyň küşt­çü­le­ri­ni, ýok, asyl oba­ny he­re­ke­te ge­tir­di. Oba­nyň küşt­çü­le­ri: «Ol adam nä­hi­li adam­ka, şeý­le ez­ber oý­na­ýar­my­ka?» di­ýip oýa bat­sa, beý­le­ki adam­lar: «Küşt­çü­le­riň oba­sy di­ýen ady­myz pü­çe­ge çy­ka­ýar­my­ka?» di­ýip oýa bat­ýar­dy­lar.

10 gün gal­dy...

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Ga­raň­ky gat­ly­şyp, hem­me ki­şi öz ota­gy­na çe­ki­len­soň, ba­ryp se­ne­na­manyň ýe­ne bir gü­nü­niň gu­ta­ran­dy­gy­nyň şa­ny­na ki­çi­jik bel­lik et­dim. Indi oku­wyň gu­ja­gy­ny giň­den açyp, bi­zi ýag­ny, «okuw­çy» di­ýip at­lan­dy­ry­lan ki­çi­jik, has dog­ru­sy, «özü­miz­den ki­çi­le­re gö­rel­de bol­ma­ly ul­la­kan» ýet­gin­jek­le­ri gar­şy­la­ma­gy­na hem-de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy­na di­ňe­je 10 gün ga­lyp­dy. 10 gün… Köp ki­şi üçin nä­hi­li uzak wagt. As­lyn­da, 240 sa­ga­dy, 14 müň 400 mi­nu­dy, 864 müň se­kun­dy göz öňü­ne ge­tir­sek, ha­ky­kat­da­nam, az wagt ha­sap­la­ma­saň-da bol­jak. Em­ma 10 gü­nem gö­zü­ňi açyp ýum­ýan­çaň eý­ýäm ge­çip gid­ýär. Indi mek­dep­de okap baş­la­ma­ly al­ty ýaş­ly­ja ça­ga­lar­dan baş­lap, ene-ata­la­ra çen­li hem­me ki­şi okuw ýy­ly­nyň baş­la­jak­dy­gy­na be­gen­ýär­di hem-de sa­byr­syz­lyk bi­len 1-nji sent­ýab­ryň, has dog­ru­sy, bu ýyl üçin 2-nji sent­ýab­ryň gel­me­gi­ne ga­raş­ýar­dy.

Döredijilik dünýäsi

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Söý me­ni...

Gün ur­ma­syn­dan go­ra­nyň!

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Gün ur­ma­sy — bu aşa ys­sy gün­ler­de Gü­nüň gö­ni şöh­le­le­ri­niň ada­myň kel­le­si­ne uzak wagt­lap eden tä­si­ri ne­ti­je­sin­de kel­le-beý­nä ze­per ýet­me­gi bi­len ýü­ze çyk­ýan ýag­daý. Ol da­şar­da, de­ňiz­de, açyk meý­dan­da sa­ýa­wan­syz we baş­gap­syz Gü­nüň aşa­gyn­da uzak wagt­lap bol­nan­da ýü­ze çy­kyp bi­ler. Gyz­gyn ho­wa­da be­den su­wuk­ly­gy aşa köp bö­lüp çy­kar­mak ar­ka­ly der­le­mek bi­len go­ral­ýar. Ýö­ne der­le­mek bi­len be­den­den ge­rek­li mad­da­lar we su­wuk­lyk çy­ka­ryl­ýar. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­den, tom­su­na pas­la gö­rä açyk reňk­li nah ma­ta­dan ti­ki­len egin-eşik­le­ri, baş­gap­la­ry geý­mek we ýa­nyň­da ýe­ter­lik muk­dar­da aras­sa agyz su­wu­nyň bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek mas­la­hat be­ril­ýär.