Oka­dym diý­me, bil­dim diý!

25 Awgust 2024
95

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024 

Oka­mak duý­gu­la­ryň iň go­wu­sy­dyr. Us­sat ýa­zy­jy-şa­hyr­lar öm­rü­niň ýa­ry­sy­ny okap ge­çi­rip­dir­ler. Meş­hur fran­suz ýa­zy­jy­sy Şarl Lui Mon­tesk­ýe: «Ýa­rym sa­gat oka­mak bar gam-gus­sa­la­ry­my sü­pü­rip alyp gid­ýär» di­ýip­dir. Öz döw­rü­niň iň meş­hur tag­ly­mat­çy­sy, di­le­war­ly­gy bi­len ta­na­lan Jon Braýt ir­gin­siz oka­ma­gyň ne­ti­je­sin­de şeý­le de­re­jä ýe­tip­dir. Bel­li ne­mes şa­hy­ry Gýo­te bol­sa öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ryn­da: «Oka­ma­gy öw­ren­mek sun­gat­la­ryň iň ky­ny­dyr... Öm­rü­miň seg­sen ýy­ly­ny oka­ma­ga ba­gyş­la­dym, şon­da-da özüm­den göw­nüm hoş diý­sem, ýa­lan söz­le­di­gim bo­lar» di­ýip­dir.

Bag­ty­ýar GUR­BAN­BER­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler ministrliginiň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by.