10 gün gal­dy...

25 Awgust 2024
76

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024 

Ga­raň­ky gat­ly­şyp, hem­me ki­şi öz ota­gy­na çe­ki­len­soň, ba­ryp se­ne­na­manyň ýe­ne bir gü­nü­niň gu­ta­ran­dy­gy­nyň şa­ny­na ki­çi­jik bel­lik et­dim. Indi oku­wyň gu­ja­gy­ny giň­den açyp, bi­zi ýag­ny, «okuw­çy» di­ýip at­lan­dy­ry­lan ki­çi­jik, has dog­ru­sy, «özü­miz­den ki­çi­le­re gö­rel­de bol­ma­ly ul­la­kan» ýet­gin­jek­le­ri gar­şy­la­ma­gy­na hem-de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy­na di­ňe­je 10 gün ga­lyp­dy. 10 gün… Köp ki­şi üçin nä­hi­li uzak wagt. As­lyn­da, 240 sa­ga­dy, 14 müň 400 mi­nu­dy, 864 müň se­kun­dy göz öňü­ne ge­tir­sek, ha­ky­kat­da­nam, az wagt ha­sap­la­ma­saň-da bol­jak. Em­ma 10 gü­nem gö­zü­ňi açyp ýum­ýan­çaň eý­ýäm ge­çip gid­ýär. Indi mek­dep­de okap baş­la­ma­ly al­ty ýaş­ly­ja ça­ga­lar­dan baş­lap, ene-ata­la­ra çen­li hem­me ki­şi okuw ýy­ly­nyň baş­la­jak­dy­gy­na be­gen­ýär­di hem-de sa­byr­syz­lyk bi­len 1-nji sent­ýab­ryň, has dog­ru­sy, bu ýyl üçin 2-nji sent­ýab­ryň gel­me­gi­ne ga­raş­ýar­dy.

Zü­leý­ha AB­DY­ÝE­WA,
Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň Gum­dag şä­her­çe­si­niň 28-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy.