"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralary

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. 14.07.2021. Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Olimpiýa arzuwlary

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda türkmenistanly türgenleri garşyladylar «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.

Olimpiýaçylara bagyşlanan dabara

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň «Sport»  myhmanhanasynyň  mejlisler jaýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ak pata bermek dabarasy geçirildi. Dabaranyň hormatly myhmany bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary hormatly Serdar Berdimuhamedow dünýäniň naýbaşy sport baýramy boljak ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenlerine, tälimçilerine üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi.

Sport habarlary

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. GANDBOLÇYLAR GÜÝÇ SYNANYŞDYLAR

Jelaleddin Rumy

 «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. SYÇAN WE DÜÝÄNIŇ UÝANY

Sport žurnalistikasy

 «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. (Başlangyjy geçen sanlarymyzda)

Şygryýet älemine sarpa

 «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň guwanjydyr. Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ynsanyň ylahy we dünýewi garaýyşlaryny şygra geçirip, milli we dünýä edebiýatynda baý edebi mirasy galdyrdy. Akyldaryň egsilmez hazynasy özünden soňky nesilleri halka, ýurda wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklara eýedir. Ynsan kalbynyň aýdymyna öwrülen şygyrlary nusgalyk bolup, türkmeniň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň döredijiliginde özüniň beýanyny tapdy. Goşgularynyň ýokary çeperçiligi, mazmuny, adamyň içki duýgularyna ýiti täsiri türkmeniň nusgawy edebiýatynyň düýbüniň tutulmagynyň başlangyçlarynyň esasy boldy. Şahyryň eserleri halkyň gepleşik diline ýakyn bolşy ýaly, olar halk köpçüligine ýakyn durmak bilen köpçüligiň pikir-hyýalyny, arzuw-islegini ussatlyk bilen suratlandyrýar.

Uçardaky gözeliň ukusy

Gabriel Garsiýa Markes, kolumbiýaly ýazyjy. (Hekaýa)

Bilimli nesil – kuwwatly Watan

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. 2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruklara gol çekip, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça, şonuň ýaly-da, orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Resminamalara laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 27-nji awgusty günlerinde guramak tabşyryldy.

Täze ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylar

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. 2021-2022-nji täze  okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde käbir düzedişler girizildi we täze hünärler açyldy. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýokary okuw mekdepleriniň on ikisinde jemi 32 sany täze hünärler açyldy. Umuman alanyňda, 32 täze hünäriň 28-si bakalawr derejesinde, galan dördüsi hünär meýilnamasy boýunça okadylar. Şeýle-de ýokary okuwlaryň ýedisinde magistr meýilnamasy boýunça ýokary bilimiň ikinji tapgyry dowam etdiriler.

Täze ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylar

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. 2021-2022-nji täze  okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde käbir düzedişler girizildi we täze hünärler açyldy. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýokary okuw mekdepleriniň on ikisinde jemi 32 sany täze hünärler açyldy. Umuman alanyňda, 32 täze hünäriň 28-si bakalawr derejesinde, galan dördüsi hünär meýilnamasy boýunça okadylar. Şeýle-de ýokary okuwlaryň ýedisinde magistr meýilnamasy boýunça ýokary bilimiň ikinji tapgyry dowam etdiriler.

Çary Mämmedow: «Buýsanjymyz sözlere sygmaýar»

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Ýene sanlyja günden dünýä ýüzüniň millionlarça sport muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan ýaryşyna, ýagny XXXII Olimpiýa oýunlaryna badalga berler. Tokioda geçiriljek bu Oýunlara türkmen sportsöýüjileri hem uly umyt bilen garaşýarlar. Şeýle derejeli ýaryşda türkmen halkyna wekilçilik etjek ildeşlerimiz özlerine miýesser eden bu beýik wezipäni üstünlik bilen amala aşyryp, halkymyzy öz gazanjak üstünlikleri bilen begendirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar. Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady Çary Mämmedow hem bu abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eder. Ol Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmäge çagyryldy. Ýurdumyzyň wekiline şeýle ýokary derejeli ýaryşda eminlik etmegiň ynanylmagy, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýandygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Biz hem eminleriň arasynda iň ýokary derejä eýe bolan, ýagny 1-nji halkara derejeli emin Çary Mämmedow bilen ýaryşa ugramazynyň öňüsyrasynda gürrüňdeş bolduk.

Mançini duýgularyny paýlaşdy

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. OÝUNDAN ÖŇ:

Mizemez binýat

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde günsaýyn ösýän türkmen jemgyýetiniň kanunçylyk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Milli lukmançylyk

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Döwletimiziň röwşen geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Ynsan bagtyýarlygy onuň saglygyndan başlanýar. Şu jähetden, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek babatda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Daşky gurşawy goramak

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.         

Gün urmasyndan goranalyň!

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.  Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy saglyga eserdeň bolmagy talap edýär. Bu döwürde suw we madda çalşygy işjeňleşip, bedendäki artykmaç suwuklyk derlemek arkaly bölünip çykýar. Bu hadysanyň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin günüň dowamynda 2,5—3 litr arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär.

Hatly bukjalar habar berýär

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Okyjylarymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iýul aýynyň ikinji ýarymynda geçirilen çärelerdir duşuşyklardan  söhbet açýan habarlar bilen tanyşdyrýarys.

Uzak ýaşly adamlar

 «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.  Dünýäde uzak ýaşan adamlar hakyndaky maglumatlar ünsüňi özüne çekýär. Şeýle adamlaryň biri 1501-nji ýylda doglup, 169 ýaşynyň içinde aradan çykan, milleti boýunça şotland Genri Jenkinsdir. Bar bolan maglumatlara görä, Jenkins 100 ýaşyndaka derýadan arkaýyn ýüzüp geçip bilýän ekeni. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol diňe balykçylyk bilen meşgullanypdyr. Ol ömrüniň 80 ýylyny Şotlandiýanyň kömür çykarýan ýerinde işläp geçiripdir.

Ykdysadyýet we durmuş

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. DÖWLET-HUSUSY HYZMATDAŞLYGY