Şygryýet älemine sarpa

19 Iýul 2021
841

 «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň guwanjydyr. Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ynsanyň ylahy we dünýewi garaýyşlaryny şygra geçirip, milli we dünýä edebiýatynda baý edebi mirasy galdyrdy. Akyldaryň egsilmez hazynasy özünden soňky nesilleri halka, ýurda wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklara eýedir. Ynsan kalbynyň aýdymyna öwrülen şygyrlary nusgalyk bolup, türkmeniň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň döredijiliginde özüniň beýanyny tapdy. Goşgularynyň ýokary çeperçiligi, mazmuny, adamyň içki duýgularyna ýiti täsiri türkmeniň nusgawy edebiýatynyň düýbüniň tutulmagynyň başlangyçlarynyň esasy boldy. Şahyryň eserleri halkyň gepleşik diline ýakyn bolşy ýaly, olar halk köpçüligine ýakyn durmak bilen köpçüligiň pikir-hyýalyny, arzuw-islegini ussatlyk bilen suratlandyrýar.

Şeker DYGYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.