"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Dünýäň dardyr sagat janyň bolmasa...

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Arassaçylyk düzgünleriniň ýönekeý kadalary berjaý edilende, birnäçe keselleriň, hususan-da, ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Ýurdumyzda arassaçylyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, şeýlelikde, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy üçin yzygiderli alada edilýär.

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň вütindünýä hepdeligi

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021.  Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen, 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralygynda geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSG-niň we çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy.

Üstünligiň açary. Otuz üçünji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «SOŇA GOÝMAK» BOLMAÝAR.  Bilşimiz ýaly, taým-menejment wagt baradaky ylym. Bu ylymda ulanylýan ähli usullar wajypdyr we meşhurlygyny ýitirmän saklaýandyr. Bu gezek gürrüňini etjek usulymyz barada aýdanyňda, ondan daşda durmak maslahat berilýär. Bu usul «Soňa goýmak» usulydyr. Bu usul «prokrastinasiýa» diýen iňlis sözi bolup, terjime edilende «ertire, soňa goýmak» manyny berýändir.

Üstünligiň açary. Otuz ikinji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «ABWGD» USULY. «ABWGD» usuly taým-menejmentde ulanylanda, gündelik işleriň wajyplygyny kesgitleýär. Bu usulyň esasy güýji ýönekeýligindedir. Ilkinji gezek «ABWGD» usulyna ýazyjy we şahsy öndürijiligi ýokarlandyrmak boýunça hünärmen Braýan Treýsiniň kitabynda agzalyp geçilýär. Şeýdip, bu usul hem meşhurlyga eýe bolup başlaýar.

Guwandyrdyň görer gözüm ilimi

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Şahyr Geldi Bäşiýewiň aýdyma öwrülen goşgy setirlerindäki:

Merkezi Aziýa döwletlerinde sport hyzmatdaşlygy

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň neşirinde Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň sportdaky hyzmatdaşlygynyň şöhlelenmegi üçin uzak bolmadyk taryhynyň gatlaryny agtaryp gördük.

Sowal-jogap. Döwlet senasy we milli baýdaklar

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021.  Tokioda Olimpiýa oýunlarynyň dowam edýän günleri ýeňijileriň şanyna döwlet senalarynyň ýaňlanýan, milli baýdaklaryň al-asmanda parlaýan pursatlaryna häli-şindi gabat gelýäris. Bu bolsa sportuň taryhyndaky milli nyşanlar bilen bagly wakalary ýatlamaga esas berdi. Olar barada gürrüň bermegini sport bilermeni Hajymyrat Söýünowdan haýyş etdik.

Sport we ýaşlar

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. SAGDYN NESIL  — BAGTYÝAR GELJEK

Buýsanja beslenen seslenmeler

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021.  TOKIODA TÜRKMEN TUGY PARLADY 

Şadyýan günler dowam edýär

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Güneşli Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus pasly çagalaryň uzak wagt garaşýan arzyly möwsümleriniň biridir. Çünki bu ajaýyp pasyl çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň eý görýän, tomusky dynç alyş günleriniň dowam edýän günleridir. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň islendik künjegindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň şadyýan sesleri we gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu bolsa çagalaryň tomusky dynç alyş döwrüni gyzykly geçirýändiginden  habar berýär.

Hatly bukjalar habar berýär

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Okyjylarymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iýul aýynyň dowamynda geçirilen çärelerdir duşuşyklardan  söhbet açýan habarlar bilen tanyşdyrýarys.

Bedew batly gadamlar

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021.  Eziz Diýarymyza bolan söýgi, mähir «Watan» diýen ýekeje sözde jemlenýär. Bu  sözde keramat bar, mähir bar, muhabbet bar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara bel-leniljekdigi bu sözüň gudratyny has-da artdyrýar.

Hazaryň türkmen kenary – dostluk kenary

 «7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäre geçiriler. Olar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.

Okamak we kämillik

 «7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Ýazýan adamlar köp okaýarlar, olara «sen okamagy söýýärsiňmi?» diýip sowal bermek gerek däl. Adam öz okan zatlaryna görä eser döredýär we şoňa görä ýaşaýar we haýsydyr bir babatda okan zatlaryna görä-de yz galdyrýar.  Şu ýerde gyzykly bir pelsepe bilen gabatlaşýarys. Siz ýazýan adamyň öz ýoluny, stilini tapyşy ýaly, okaýan adamyňam okyjylyk stilini tapyşy hakda, heý, pikir edip görüpmidiňiz? Belki, men bu ahwaly ilki açan adam däldirin, ýöne siz üns berip göräýiň! Okyjylyk babatynda özüne ýörelge kesgitlemedik adam ýazanda hem entek öz ýoluny tapyp bilmedik bolup çykar. Megerem, onda-munda gabat gelýän «Kämil oky-jy» aýtgysy şu hili ýagdaýdan soň ýüze çykan bolsa gerek.

Şahyryň dünýäsine syýahat

 «7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Şahyryň ýazan makalasam şygyrdyr.

Güller hakynda rowaýatlar

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. ÄLEMGOŞAR GÜLI

Sport žurnalistikasy

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. (Başlangyjy geçen sanlarymyzda)

Agageldi Italmazow: «Söý! Ýylgyr! Ýaşa!»

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Men şeýle doguldym...

«Gülüň owadan» atly bäsleşik

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan etmeginde türkmen zenanlarynyň arasynda «Gülüň owadan»  atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Arassaçylyk — saglyk

 «7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek bilen saglygymyzy  goraýarys. Ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmak birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Çünki dürli kesel dörediji wiruslardyr bakteriýalar ellerde toplanýar we ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem elleri mydama sabyn bilen ýuwmalydyrys.