Çary Mämmedow: «Buýsanjymyz sözlere sygmaýar»

19 Iýul 2021
1096

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.

Ýene sanlyja günden dünýä ýüzüniň millionlarça sport muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan ýaryşyna, ýagny XXXII Olimpiýa oýunlaryna badalga berler. Tokioda geçiriljek bu Oýunlara türkmen sportsöýüjileri hem uly umyt bilen garaşýarlar. Şeýle derejeli ýaryşda türkmen halkyna wekilçilik etjek ildeşlerimiz özlerine miýesser eden bu beýik wezipäni üstünlik bilen amala aşyryp, halkymyzy öz gazanjak üstünlikleri bilen begendirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar. Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady Çary Mämmedow hem bu abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eder. Ol Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmäge çagyryldy. Ýurdumyzyň wekiline şeýle ýokary derejeli ýaryşda eminlik etmegiň ynanylmagy, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýandygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Biz hem eminleriň arasynda iň ýokary derejä eýe bolan, ýagny 1-nji halkara derejeli emin Çary Mämmedow bilen ýaryşa ugramazynyň öňüsyrasynda gürrüňdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
žurnalist.