Yk­bal­lar­da şan­ly se­ne

25 Awgust 2024
96

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024 

1-nji sentýabr diýlende, göz öňüňe bada-bat şadyýan çagalardan doly ak mekdep hem-de goýnuna jemlenen uly-kiçi hemmeleriň kalbyny tolgundyryjy şatlykdan pürepürleýän «Ilkinji jaň» dabarasy gelýär. Häli-häzirlerem, mekdebi tamamlanyňa nije ýyllar geçenem bolsa, onuň deňinden geçeniňde hemmeleri joşduran şol jaň sesi biygtyýar gulagyňda ýaňlanýar. Şeýdip, haýsy kärde zähmet çekip, näçe ýyl ömri arka atandygyna garamazdan, ynsan üçin ylym-bilim dünýäsiniň merhemetli gapysynyň açylýan güni — 1-nji sentýabr ykbalyň iň şanly seneleriniň biri bolup, her ýyl millionlarça, belki-de milliardlarça adamyň göwün guşuny asmana uçuryp, gaýta-gaýta gaýtalanyp gelip dur.

Diana Dallakýan,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.