Türkmen samboçylary dünýä kubogynda

25 Awgust 2024
129

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024 

Sam­bo bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri 15-16-njy aw­gust­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­na gat­naş­dy­lar. Sport sam­bo­sy we sö­weş sam­bo­sy nus­ga­la­ry bo­ýun­ça er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­le­rde mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň 29-sy çykyş etdi. Oýun­la­ryň bi­rin­ji gü­nün­de sport sam­bo­sy bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da gu­ra­lan tut­lu­şyk­lar­da 58 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­ge­ni Ba­ba­mu­rat Baý­ra­mow öz­be­gis­tan­ly tür­gen Mu­nis Bah­ti­ýo­row bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la, 71 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden tür­ge­ni­miz Kam­bar Uma­row «FI­AS 2» to­pa­ry­nyň tür­ge­ni Ulad­zis­lau Mar­du­se­wiç bi­len 3-nji or­ny paý­la­şyp, bü­rünç me­da­la eýe bol­dular.