Hü­nä­re hö­wes

25 Awgust 2024
73

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024 

Her bir ynsan eýýäm çagalygyndan başlap, haýsy hem bolsa, bir kesp-käri saýlap, öz ýanyndan göwün ýüwürdip başlaýar. Biri çeper filmlerde tomaşa edýän aktýorlarynyň keşbini özüçe janlandyryp, öz ýanyndan özüni şol aktýordyryn diýip pikir etse, ýene biri aýdyma zowladyp, aýdym aýdar ýörer. Deň-duşlarymyň hemmesi öz saýlan kesp-kärlerini hemme zatdan eý görüp, şol arzuwlaryna ýetmek pikiri bilen hem ýaşardylar. Hatda olaryň arasynda eýýäm şol käre durky-düýrmegi bilen berlip, «täze açyşlaryň aladasynda ýaşaýanlary» hem bardy. Özüm hakynda aýtsam welin, heniz haýsy käri saýlajagymy bilmän, göýä özümi Marsdan ýaňyja ýere düşen ýaly alyp barardym. Goňşymyzyň «r» diýip bilmeýän ogly Rejebem öz adyny «Iýejep» diýip tutsa-da, şol hem eýýäm kär saýlap, öz ýanyndan özüni ulag bejerýän güýçli ussa hasaplap ýördi.

Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.