"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Nalyň altyndan - kümüşden»

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Aslyna se­ret­seň, «nal» sö­zi «kö­wüş, paş­mak» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Dog­ru­da­nam, nal bir­ba­da hä­zir­ki gör­nü­şi­ne ge­läý­män, il­ki aýak­ga­ba has ça­lym edip­dir. Me­se­lem, ga­dy­my rim­li­ler at­la­ry­nyň aýa­gy­na de­mir ök­je­li paş­mak geý­di­rer eken­ler. Di­ňe soň-soň­lar, tak­my­nan, b.e. öň­ki VI asyr­dan III asy­ra çen­li olar at­la­ry çüý bi­len nal­la­mak­ly­ga ge­çip­dir­ler. Rim hö­küm­da­ry Ne­ro­nyň at­ha­na­syn­da­ky kü­müş nal bi­len nal­la­nan en­çe­me be­dew­ler ba­ra­da ýat­la­ma­lar ga­lyp­dyr. Hö­küm­da­ryň aýa­ly bol­sa öz at­la­ry­na al­tyn nal kak­dyr­ýar eke­ni. Şeý­le­lik­de, at­la­ryň nal­lan­ma­gy at­çy­lyk pu­da­gy­nyň, as­lyn­da bol­sa, tu­tuş jem­gy­ýe­tiň ös­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lupdyr. Rim im­pe­ri­ýa­sy ýy­ky­lyp, Ýew­ro­pa­da çök­gün­lik bo­lup ge­çen­de, at nal­la­mak hem ýat­dan çy­kyp­dyr. Ol se­bit­ler­de nal­lar di­ňe Х asyr­dan soň tä­ze­den peý­da bol­ýar.

Bütindünýä sirk güni

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Her ýyl aprel aýynyň üçünji şenbesinde dünýäniň sirk jemgyýeti we bu ajaýyp sungatyň muşdaklary adatdan daşary gyzykly baýramçylygy — Bütindünýä sirk gününi belleýärler. Bu baýramyň diňe bir sirk äleminiň ähli ajaýyplygyny görkezmek we muşdaklaryny täzeçe çykyşlar bilen begendirmek bilen çäklenmän, sirk sungatynyň dünýä medeniýetine-de uly goşantdygyny bellemek gerek. Galyberse-de, dünýäniň dürli künjeklerinde sirki diňe bir çagalar däl, eýsem ulular hem gowy görýärler. Bu baýramçylyk mynasybetli dünýäniň köp sirkleri Açyk gapylar gününi, ýol-ýodalarda dürli çäreleri, ýörite sergileri, karnawallary we beýleki çäreleri guraýarlar. Bütindünýä sirk güni sirk sungatynyň ähli ussatlary we muşdaklary üçin aýratyn bir waka. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň döwrebap dynç almaklary, sirk sungatynyň gözelliklerinden, täsirli çykyşlaryndan ruhy lezzet almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şulardan ugur alyp, sirk sungaty dogrusyndaky garaýyşlaryny paýlaşmagyny sorap, ildeşlerimize ýüzlendik.

Mamamlara barýan ýol

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Çagalyk döw­rü­ňi ha­ky­daň­da jan­lan­dy­ra­nyň­da süý­ji gün­le­re do­la­na­syň gel­ýär. Ar­man-ýa­da­man oý­na güý­me­nip, gy­zyk­ly ge­çen ça­ga­lyk ýat­la­ma­la­ry­myň hem­me­si anyk ýa­dym­da däl, ýö­ne aram-aram eje­miň ma­mam­la­ra alyp gid­ýän gün­le­ri we­lin, şu gün­ki ýa­ly ýa­dym­da.

Fotohabarçy. Fotožurnalist. Fotosuratkeş.

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Islendik ugur bo­ýun­ça üs­tün­lik ga­zan­mak üçin il­ki bi­len oňa bo­lan söý­gi ze­rur. Dö­re­di­ji­lik bi­len bag­ly hü­när­ler­de kä­ri­ňe söý­gi güýç­li bo­lan ýag­da­ýyn­da adam­la­ryň ru­hy dün­ýä­si­ne tä­sir edip bi­läý­jek tä­sin we özü­neçe­ki­ji eser­ler köp dö­re­ýär. Şu ba­bat­da öz eser­le­riň bi­len şol gur­şaw­da­ky adam­la­ry haý­ran gal­dy­ryp bil­mek­lik — bu eý­ýäm us­sat­ly­gyň ýo­kar­ky de­re­je­le­ri­ni aň­lad­ýar.

Ömür atly bu gämiden, Ýalňyz bir kenar görüner

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. ÝATDA GALMADYKLAR...

Jennet Byragy diýmişler, ýalançyda atdyr bedew!

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Halkymyzyň ençeme müňýyllyk taryhy ýelden ýüwrük ahal­te­ke be­dew­ler bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri şa­hyr­lar hem-de sa­zan­da­lar öz eser­le­rin­de be­de­we söý­gi­ni, onuň we­pa­dar­ly­gy­ny, gö­zel­li­gi­ni, düş­bü­li­gi­ni, ýyn­dam­ly­gy­ny wasp edip gel­ýär­ler.

Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan – dünýäni

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Ki­tap­lar geç­miş bi­len gel­je­giň hem-de halk­la­ryň we ýü­rek­le­riň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gy üz­män sak­lap du­ran ba­ha­syz mi­ras ha­sap­lan­ýar. Ki­tap bi­zi öten-ge­çen akyl­dar­lar bi­len hy­ýa­ly­myz­da ýüz­be-ýüz du­şur­ýar. Biz ki­tap­lar ar­ka­ly hy­ýa­ly­myz­da dün­ýä­niň is­len­dik kün­je­gi­ne, is­len­dik döw­re gi­dip bil­ýä­ris.

Hasyllylygy ýokarlandyrýan biokömür

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Týumen döwlet uniwersitetiniň (Russiýa) alymlary topragyň häsiýetini gowulandyrmagyň we hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň täze usulyny öwrendiler. Munuň üçin olar organiki galyndylardan alnan biokömri ulanmagy teklip etdiler.

Gün tertibinde daşky gurşawy goramak

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen il­kin­ji ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy­nyň Orun­ba­sar­ly­gy­na saý­la­nan­dy­gy ba­ra­da hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy äh­li il­deş­le­ri­mi­zi be­gen­di­rip­di. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, ýur­du­my­za bil­di­ri­len bu hal­ka­ra ynam şu gün­ki gün özü­niň aý­dyň ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Bu ha­ky­kat ýa­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat­da hem aý­dyň aýan bol­dy.

Türgenleri sylaglamak dabarasy

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Türkmenistanly türgenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ýaryşlarda gazanýan ajaýyp ýeňişleri bilen ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Şeýle üstünliklere ýetip, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýän türgenlerimize döwlet derejesinde sylag-serpaýlary gowşurmak ajaýyp zamanamyzda asylly ýörelgä öwrüldi. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň başa-baş görnüşleri desgasynda 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­lar

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Aş­ga­bat şä­he­rin­de we we­la­ýat­lar­da gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni da­ba­ra­lan­dyr­dy.

Nal hakynda kelam

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Islendik öýüň işi­gin­den bar­saň, adat­ça, ga­py­nyň aşak işi­gi­niň ýü­zü­ne ka­ky­lan at na­ly­na gö­züň dü­şer. (Kä­bir ga­py­lar­da na­ly ga­py­nyň ýo­kar­syn­dan hem as­ýar­lar).

Dertleriň dermany - çaý

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Çaýyň adam be­de­ni­ne peý­da­sy ulu­dyr. Çaý ada­myň ýa­daw­ly­gy­ny aýyr­mak­da, iýen na­ha­ry­ny siň­dir­mek­de, teş­ne­li­gi­ni gan­dyr­mak­da äh­mi­ýet­li­dir. Des­ter­ha­ny­my­zy on­suz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl.

Žurnalistiň «at göçümi»

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. — Elbetde, Nobel baýragynyň Daiti Kamado hiç hili derkary ýok. Ol näme ony eredip, altynyny alsynmy? Ýeri gelende aýtsak, onuň näçe karat hem-de nähili altyndan durýandygy baradaky habarlar hem media giňişligini doldurdy. Aslynda, bu ýerde žurnalistikada soňky döwürde giňden ýaýran başga bir oýun edilýär. Ony düşündirmek üçin biz sport žurnalistikasynyň nazaryýetine aralaşmaly bolarys. Žurnalistikada «habar berşe sebäp» diýen düşünje bar. Sport žurnalistikasynda «habar berşe sebäpler» iki sany uly topara bölünýär. Olaryň birinjisi, gönüden-göni sportuň özi, ýagny sport ýaryşlary, olaryň netijeleri we ş.m. Ikinjisi, sport bilen baglanyşykly wakalar. Bu topara sportuň töwereginde bolup geçýän ähli wakalar degişlidir. Sport bilen baglanyşykly wakalaryň sport muşdaklarynda gönüden-göni ýaryşyň özünden hem uly gyzyklanma döredýän halatlary seýrek bolmaýar. Muňa mysal hökmünde, oýunçylaryň transferlerini, futbol ýyldyzlarynyň arasyndaky gatnaşyklary, oňşuksyzlyklary, stadionlarda tomaşaçylaryň bidüzgünçilik etmeklerini getirmek bolar. Şunuň bilen birlikde hem sport bilen baglanyşykly wakalaryň dürli bähbitler üçin emeli usulda döredilýän halatlary hem az däldir. Nobel baýragynyň medaly bilen baglanyşykly bu ýagdaý hem hut şuňa degişli. Şeýle ýagdaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan çişirilmegi baýragyň eýesi üçinem, futbolçy üçinem

Ýarym asyr ýaşyň gutly bolsun!

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Maýa JUMAÝEWA,

Welaýatlardan gowşan habarlar

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Te­jen et­rap hä­kim­li­gi­niň, Te­jen et­rap ka­zy­ýe­ti­niň hem-de TMÝG-niň Te­jen et­rap Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Te­jen et­ra­byn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len di­kel­diş mer­ke­zi­niň mej­lis­ler ja­ýyn­da «Sag­dyn ýaş­lar bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ziň aý­na­sy­dyr» at­ly şy­gar as­tyn­da mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta il­kin­ji ýaş­lar gu­ra­ma­la­ry­nyň baş­lyk­la­ry, Te­jen et­rap hä­kim­li­gi­niň we­kil­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we sag­lyk ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän iş­gär­ler gat­naş­dy­lar.

Ça­ga­lar ki­tap­ha­na­la­ry

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Ça­ga­la­ryň sag­dyn pi­kir­li, sag­dyn ruh­ly ke­ma­la gel­me­gi hak­da­ky ala­da­lar adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň öňün­de du­ran mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Ça­ga­la­ryň be­lent mak­sat­la­ra ýet­me­gi üçin bü­tin dün­ýä­de tä­sin­den-tä­sin usul­lar ula­nyl­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da türk­men hal­ky­nyň nu­ra­na gel­je­gi­niň eýe­le­ri bo­lan şu gün­ki ýaş ne­sil­le­riň kä­mil ösüp ýe­tiş­mek­le­ri üçin bi­möç­ber ala­da­la­r ed­ilýär. Ola­ryň oka­mak­la­ry, öw­ren­mek­le­ri, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mek­le­ri üçin ýur­du­myz­da äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Ça­ga­lar üçin sport, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şeý­le hem ýur­du­myz­da­ky ça­ga­lar ki­tap­ha­na­la­ry ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň hyz­ma­tyn­da­dyr. Bu ýer­de ça­ga­lar ylym-bi­lim­le­riň ja­dy­ly dün­ýä­si­ne ara­laş­ýar. Öz gy­zyk­lan­ýan ugur­la­ry, gel­jek­de saý­lan hü­när­le­ri bi­len bag­ly ki­tap­la­ry, çe­per ede­bi­ýat­la­ry oka­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

«7/24. tm», № 14 (149), 03.04.2023. 2023-nji ýy­lyň 29-njy mar­tyn­da Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­par­da mej­lis ge­çi­ril­di. On­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň, Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň äh­li­halk saý­law­la­ry­nyň gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di.

Türkmenistan – ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň täze derejesi

«7/24. tm», № 14 (149), 03.04.2023. Häzirki wagt­da ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň en­çe­me ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär. BMG-niň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO-nyň Türk­me­nis­tan bi­len ýo­la go­ýan iş­le­ri aý­ra­tyn or­na eýe­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bu ugur­dan uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Aprel-sportuň we saglygyň aýy

«7/24. tm», № 14 (149), 03.04.2023. Aprel aýy­nyň baş­lan­ma­gy bi­len sport çä­re­le­ri­niň ýaý­baň­lan­ma­gy dün­ýä ýü­zün­de sport ul­ga­my­nyň kä­mil­lik de­re­je­si­ni aýan et­di. Çün­ki bü­tin dün­ýä­de be­den­ter­bi­ýä­ni, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. 6-njy ap­rel­de Hal­ka­ra sport gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr. 2013-nji ýy­lyň 23-nji aw­gus­tyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ag­za ýurt­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy esa­syn­da 6-njy ap­rel Hal­ka­ra sport gü­ni diý­lip yk­rar edil­di. Şun­luk­da, gü­nüň ady Ösüş we Pa­ra­hat­çy­lyk üçin Hal­ka­ra sport gü­nü­dir. Çün­ki sport bi­li­miň, ösü­şiň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň gu­ral­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de hyz­mat­daş­ly­gy, raý­daş­ly­gy, dü­şü­niş­me­gi, ýer­li, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­sin­de jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni güýç­len­dir­ýär.