«7/24. tm», № 14 (149), 03.04.2023.
Aprel aýynyň başlanmagy bilen sport çäreleriniň ýaýbaňlanmagy dünýä ýüzünde sport ulgamynyň kämillik derejesini aýan etdi. Çünki bütin dünýäde bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 6-njy aprelde Halkara sport gününiň bellenilip geçilmegi muňa aýdyň mysaldyr. 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagy esasynda 6-njy aprel Halkara sport güni diýlip ykrar edildi. Şunlukda, günüň ady Ösüş we Parahatçylyk üçin Halkara sport günüdir. Çünki sport bilimiň, ösüşiň we parahatçylygyň gurallarynyň biri hökmünde hyzmatdaşlygy, raýdaşlygy, düşünişmegi, ýerli, milli we halkara derejesinde jemgyýetiň ösüşini güýçlendirýär.