«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji ýylynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň Orunbasarlygyna saýlanandygy barada hoş habaryň gelip gowuşmagy ähli ildeşlerimizi begendiripdi. Garaşylyşy ýaly, ýurdumyza bildirilen bu halkara ynam şu günki gün özüniň aýdyň netijelerini berýär. Bu hakykat ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen ýokary derejeli maslahatda hem aýdyň aýan boldy.