Žurnalistiň «at göçümi»

9 Aprel 2023
409

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023.

— Elbetde, Nobel baýragynyň Daiti Kamado hiç hili derkary ýok. Ol näme ony eredip, altynyny alsynmy? Ýeri gelende aýtsak, onuň näçe karat hem-de nähili altyndan durýandygy baradaky habarlar hem media giňişligini doldurdy. Aslynda, bu ýerde žurnalistikada soňky döwürde giňden ýaýran başga bir oýun edilýär. Ony düşündirmek üçin biz sport žurnalistikasynyň nazaryýetine aralaşmaly bolarys. Žurnalistikada «habar berşe sebäp» diýen düşünje bar. Sport žurnalistikasynda «habar berşe sebäpler» iki sany uly topara bölünýär. Olaryň birinjisi, gönüden-göni sportuň özi, ýagny sport ýaryşlary, olaryň netijeleri we ş.m. Ikinjisi, sport bilen baglanyşykly wakalar. Bu topara sportuň töwereginde bolup geçýän ähli wakalar degişlidir. Sport bilen baglanyşykly wakalaryň sport muşdaklarynda gönüden-göni ýaryşyň özünden hem uly gyzyklanma döredýän halatlary seýrek bolmaýar. Muňa mysal hökmünde, oýunçylaryň transferlerini, futbol ýyldyzlarynyň arasyndaky gatnaşyklary, oňşuksyzlyklary, stadionlarda tomaşaçylaryň bidüzgünçilik etmeklerini getirmek bolar. Şunuň bilen birlikde hem sport bilen baglanyşykly wakalaryň dürli bähbitler üçin emeli usulda döredilýän halatlary hem az däldir. Nobel baýragynyň medaly bilen baglanyşykly bu ýagdaý hem hut şuňa degişli. Şeýle ýagdaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan çişirilmegi baýragyň eýesi üçinem, futbolçy üçinem, žurnalist üçinem bähbitli, hatda ol futbol topary üçin hem bähbitli.