«Medeniýet — halkyň kalby» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji dabarasy guraldy
«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yglan edilen «Medeniýet — halkyň kalby» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary, ýörite we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.