"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

FIFA-nyň okuw maslahaty

«7/24 tm» № 28 (163) 10.07.2023 Türk­me­nis­tan­ly fut­bol hü­när­men­le­ri FI­FA ta­ra­pyn­dan ha­ly­pa-tä­lim­çi­le­riň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len okuw mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy­lar.

Welaýatlardan gowşan habarlar

«7/24 tm» № 28 (163) 10.07.2023 Te­jen Aw­tou­lag kär­ha­na­syn­da «Maş­ga­la bin­ýa­dy­nyň berk­li­gi mu­kad­des­lik­dir» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Et­rap hä­kim­li­gi­niň, et­rap po­li­si­ýa bö­lü­mi­niň, TMÝG-niň Te­jen et­rap Ge­ňe­şi­niň, et­rap has­sa­ha­na­sy­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bu du­şu­şyk oňa gat­na­şa­nlar­da ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy. Onda hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sag­dyn ruh­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek, kä­mil jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek, maş­ga­la bin­ýa­dy­nyň berk­li­gi­ni ga­zan­mak baradaky sargytlaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň berildil.

Buýsançly waka

«7/24 tm» № 28 (163) 10.07.2023 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy äh­li ra­ýat­la­ry­myz, şol san­da biz ýaş­lar üçin Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň buý­sanç­ly wa­ka­sy bol­dy.

Taryhy wakanyň buýsançly pursatlary

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 2023-nji ýy­lyň 28-nji iýu­nyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki dün­ýä­si­niň in­že­ner­ler we bi­na­gär­ler bir­le­şi­gi­niň Baş sek­re­ta­ry Il­ýas De­mir­ji­ni ka­bul et­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp­dy­gy bel­le­nil­di. «Azi­ýa­nyň öw­şün at­ýan ýyl­dy­zy» hök­mün­de yk­rar edi­len tä­ze şä­he­riň bi­na­gär­lik çöz­gü­di, onuň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, eko­lo­gi­ýa de­re­je­si ba­bat­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li gü­wä­na­ma­la­ra my­na­syp­dy­gy nyg­tal­dy. Du­şu­şyk­dan soň­ra myh­man Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Tür­ki dün­ýä­si­niň in­že­ner we bi­na­gär­ler bir­le­şi­gi­niň «Tür­ki dün­ýä­si­ne ýo­ka­ry hyz­mat­la­ry üçin» at­ly me­da­ly­ny gow­şur­dy.

Ar­ka­dag şä­he­ri­ne hal­ka­ra sy­lag­lar gow­şu­ryl­dy

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 2023-nji ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň çä­gin­de bu ýer­de tä­ze açy­lan Ru­hy­ýet köş­gün­de da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk «akyl­ly» şä­he­re hal­ka­ra sy­lag­lar gow­şu­ryl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we be­lent mer­te­be­li myh­man­lar Ru­hy­ýet köş­gün­de bag­şy-sa­zan­da­la­ryň, me­de­ni­ýet, sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­na to­ma­şa et­di­ler. Soň­ra hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan Ar­ka­dag şä­he­ri­ne de­giş­li sy­lag­lar — şa­ha­dat­na­ma­lar­dyr gü­wä­na­ma­lar, dip­lom­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Açyldy Diýarda täze sungat

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 2023-nji ýy­ly­ň 29-njy iýunynda Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne ýal­kym sa­çyp, Ar­ka­dag ady­ny baý­dak edip gö­ter­ýän «akyl­ly» şä­he­riň türk­men nus­ga­sy açyl­dy.

«Akyl­ly» şä­heriň açylyş dabarasy

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Her ýa­şal­ýan ýy­ly uly-uly üs­tün­lik­le­re, ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­le­mek ýur­du­myz­da ada­ta öw­rül­di. Şu gö­zel dur­mu­şyň goý­nun­da buý­sanç­ly wa­ka­lar, şat­lyk­ly ha­bar­lar gö­wün­le­ri joş­dur­ýar. Yn­ha, hem­me­le­riň uly buý­sanç bi­len ga­ra­şan gü­ni hem ge­lip ýet­di. Türk­men top­ra­gy­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­rin­de — Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ýer­leş­ýän, se­bit­de hä­zir­ki za­man «akyl­ly şä­her» ýö­rel­ge­si­ne eýe­ri­lip bi­na edi­len, il­kin­ji we iň uly şä­her bo­lan Arka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry uly şat­lyk-şow­hun, toý-baý­ram çä­re­le­ri­ne bes­le­nip, da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

Owazasy dünýä dolan Awaza

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da dö­re­di­len hal­ka­ra de­re­je­li hä­zir­ki­za­man şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň dü­züm­le­ri­niň üs­ti ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze des­ga­lar bi­len ýe­ti­ril­ýär. Ba­ry-ýo­gy soň­ky on­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da bu tä­sin kün­jek jen­net me­ka­ny­na öw­rül­di. Bu ýe­re her to­mus möw­sü­min­de müň­ler­çe adam dynç al­ma­ga gel­ýär. Şun­da tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da dynç al­mak üçin, şol san­da maş­ga­la bo­lup gel­mek üçin hem-de wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mek ug­run­da ýo­ka­ry şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek, mu­ňa türk­me­nis­tan­ly­lar we da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar my­na­syp ba­ha ber­ýär­ler.

Arkadag şäherinde guralan ilkinji futbol duşuşygy

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Ar­ka­dag şä­he­rin­de Kö­pu­gur­ly sport top­lu­my, 10 müň orun­lyk sta­di­on, Sport mer­ke­zi (suw sport top­lu­my) gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki bu döw­re­bap des­ga­lar jan­kö­ýer­ler üçin ga­py­la­ry­ny giň­den aç­dy. 2023-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­da 10 müň orun­lyk sta­di­on­da «Ar­ka­dag» we «Ahal» fut­bol to­par­la­ry­nyň ara­syn­da gu­ra­lan ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy ta­ry­hy pur­sa­ty da­ba­ra­lan­dy­ran sport çä­re­le­ri­niň bi­ri bo­lup ýa­dy­myz­da gal­dy.

...alyp bardy Kuwwat Sähetmyradow

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023  Halypa barada gürrüň açylanda, onuň bilen söhbetdeş bolan adam futbol oýnuna tomaşa edeniňdäki ýaly duýgyny başdan geçirýändigini ýatlaýar. Köp­san­ly sport jan­kö­ýer­le­ri­niň ara­syn­da hä­li-hä­zirem ady uly hor­mat bi­len ýat­lan­ýan bu tes­wir­leý­ji­niň ady­na us­sat ha­ly­pa Kuw­wat­my­rat Sä­het­my­ra­dow diý­ýär­ler. 

Sport žur­na­lis­ti­niň hal­ka­ra gü­ni

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Sport žur­na­lis­ti­niň hal­ka­ra gü­ni 1995-nji ýyl­dan bä­ri Sport ne­şir­le­ri­niň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bel­le­ni­lip ge­lin­ýär. Baý­ram­çy­lyk üçin bu se­nä­niň saý­la­ny­lyp alyn­ma­gy ýö­ne ýe­re däl­dir: 1924-nji ýyl­da Pa­riž­de Sport ne­şir­le­ri­niň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy (AIPS) dö­re­di­lip­di. Bu şan­ly wa­ka 2-nji iýul­da bo­lup ge­çip­di. Şeý­le­lik­de, ol hal­ka­ra baý­ram­çy­lyk gü­nü­ne öw­rül­di.

Önüm­çi­lik gim­nas­ti­ka­sy

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Ylym­da we tej­ri­be­de bel­li bol­şy ýa­ly, gim­nas­ti­ka maşk­la­ry be­den ag­za­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, kä­mil­leş­dir­mä­ge kö­mek ed­ýär. Gim­nas­ti­ka be­de­niň äh­li­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne, ber­ke­me­gi­ne, sport­da ula­nyl­ýan emel­le­ri ta­kyk öz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Poeziýa, heýkel we söz

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Ol gün ýagyş ýagýardy diýjek welin, emma beýle däldi. Ezilýän Zemin däldi, meniň göwnümdi. Asmany bezeýän bulutlar gara şalyny egnine atyp, äleme nur paýlasa, sen ynjan ýa-da nämedir bir zatdan ynjalan göwünleriň şuglasy bolup, kalplara ýagtylyk çaýýardyň. Şonuň üçin hem saňa barýan menzili külterlänler onuň ýoluny, ýordumyny bilmezden saňa sygyndylar, senden teselli tapýandyklaryna ynandylar.

To­mus­da sag­ly­gy­ňy nä­dip ber­kit­me­li?

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Hü­när­men­le­riň ma­sla­hat ber­me­gi­ne gö­rä, to­mus pas­ly sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek üçin amat­ly dö­wür­dir. Luk­man­lar to­mus­da sag­ly­gy­ňy ber­kit­mekde mö­hüm bo­lan esa­sy ugur­la­ry sal­gy ber­ýär­ler. My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my Mer­jen Berdi­ýe­wa to­mus pas­lyn­da sag­ly­gy­ňy go­ra­mak we pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly mas­la­hat ber­ýär:

Tomus paslynda berjaý edilmeli düzgünler

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Gü­ne­şe baý Di­ýa­ry­myz­da to­mus pas­ly do­wam ed­ýär. Gün şöh­le­si­niň, se­leň ho­wa­nyň, aras­sa su­wuň adam sag­ly­gy üçin peý­da­sy­nyň örän ulu­dy­gy hem­mä mä­lim. Gün şöh­le­si ýer­lik­li peý­da­la­ny­lan­da, be­de­niň go­rag ul­ga­my pug­ta­lan­ýar, be­den­de ýa­şa­ýyş üçin ze­rur mad­da­lar dö­re­ýär. Suw-duz çal­şy­gy iş­jeň­le­şip, de­ri ör­tü­gi­niň üs­ti bi­len der ar­ka­ly ar­tyk su­wuk­lyk çy­ka­ryl­ýar. Bu ha­dy­sa­nyň ka­da­ly do­wam et­me­gi üçin hök­man gü­nüň do­wa­myn­da aras­sa agyz su­wu­nyň 1,5-2 lit­ri­ni iç­me­li. Köp­räk gök önüm­le­ri, ter mi­we­le­ri iý­me­li, ola­ryň şi­re­le­ri­ni iç­me­li. Gü­nüň do­wa­myn­da iýil­ýän na­har ýe­ňil we ýo­kum­ly, tä­ze taý­ýar­la­nan bol­ma­ly.

Dünýäniň üns merkezinde ― Arkadag şäheri

«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023 In­di bir­nä­çe wagt­dan bä­ri türk­me­nis­tan­ly il­deş­le­ri­mi­ziň hem, dün­ýä ýurt­la­ryn­da­ky dost­la­ry­my­zyň, hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň, goň­şu­la­ry­my­zyň hem uly tol­gun­ma we buý­sanç bi­len ga­raş­ýan ýa­kym­ly pur­sat­la­ry ýe­tip gel­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hä­zir­ki za­man şä­her­gur­lu­şyk ze­hi­ni­niň we yl­ha­my­nyň mi­we­si bo­lan, se­bit­de «Akyl­ly şä­her» ýö­rel­ge­si­ne eýe­ri­lip bi­na edil­ýän il­kin­ji we iň uly şä­her bol­jak Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry bo­sa­ga gel­di.

Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary

«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023 «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň nobatdaky 15-nji goýberilişi çapdan çykdy. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen köpugurly döwlet işi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şeýle hem 2021-nji ýylda bolup geçen wakalaryň ýyl ýazgylary beýanyny tapdy.

Gözümiziň guwanjy, köňlümiziň buýsanjy

«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne peş­geş ber­ýän her bir tä­ze ki­ta­by äh­li il­deş­le­ri­mi­ziň, şol san­da biz — ta­lyp ýaş­la­ryň gö­zü­mi­ziň gu­wan­jy­na, köň­lü­mi­ziň buý­san­jy­na öw­rül­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­re ba­gyş­la­nyp taý­ýar­la­nyl­ýan ki­tap­lar hem ýur­du­my­zyň hem­meta­rap­la­ýyn ösüş­le­ri­ne giň­den na­zar aý­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän wa­jyp ne­şir­ler bo­lup dur­ýar.

Ynsanperwerligiň baýramy

«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da toý­lar to­ýa, baý­ram­lar baý­ra­ma ulaş­ýar. Bo­sa­ga­myz­da du­ran mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my hem hal­ky­my­zyň giň­den bel­le­ýän baý­ram­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, oňa eziz Di­ýa­ry­myz­da il ag­zy­bir­li­gin­de, ýurt pa­ra­hat­çy­ly­gyn­da uly taý­ýar­lyk gö­rül­di. Mu­kad­des­lik­le­riň gym­ma­ty­na oňat dü­şün­ýän hal­ky­myz pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ni, däp-des­sur­la­ry­ny gö­zü­niň gö­re­ji ýa­ly eziz­le­ýär hem-de asyr­larbo­ýy do­wam et­di­rip gel­ýär. Gur­ban baý­ra­my hem şeý­le gym­mat­ly däp-des­sur­la­ryň ha­ta­ryn­da­dyr.

Medeniýet hepdeligi: dünýä dolýan dabaralar

«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023 2023-nji ýy­lyň 22-nji iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len giň ge­rim­li dö­re­di­ji­lik çä­re­si 2013-nji ýyl­dan baş­lap, ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de ge­çir­mek dä­be öw­rü­lip, hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň her bi­ri her ýyl ge­çi­ril­ýän bu giň ge­rim­li me­de­ni çä­rä­ni no­bat­ma-no­bat ka­bul et­mek bi­len, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny, ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni hem-de özü­niň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny gör­kez­mä­ge ça­lyş­ýar. 2023-nji ýyl­da me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my­ny Aş­ga­bat şä­he­ri ka­bul ed­ýär. Şeý­le­lik­de, bu ýyl Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy 22-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ge­çi­ril­di.