Taryhy wakanyň buýsançly pursatlary

2 Iýul 2023
282

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023

2023-nji ýy­lyň 28-nji iýu­nyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki dün­ýä­si­niň in­že­ner­ler we bi­na­gär­ler bir­le­şi­gi­niň Baş sek­re­ta­ry Il­ýas De­mir­ji­ni ka­bul et­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp­dy­gy bel­le­nil­di. «Azi­ýa­nyň öw­şün at­ýan ýyl­dy­zy» hök­mün­de yk­rar edi­len tä­ze şä­he­riň bi­na­gär­lik çöz­gü­di, onuň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, eko­lo­gi­ýa de­re­je­si ba­bat­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li gü­wä­na­ma­la­ra my­na­syp­dy­gy nyg­tal­dy. Du­şu­şyk­dan soň­ra myh­man Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Tür­ki dün­ýä­si­niň in­že­ner we bi­na­gär­ler bir­le­şi­gi­niň «Tür­ki dün­ýä­si­ne ýo­ka­ry hyz­mat­la­ry üçin» at­ly me­da­ly­ny gow­şur­dy.

Taýýarlan Aýperi Gahrymanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.