Poeziýa, heýkel we söz

2 Iýul 2023
275

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023

Ol gün ýagyş ýagýardy diýjek welin, emma beýle däldi. Ezilýän Zemin däldi, meniň göwnümdi. Asmany bezeýän bulutlar gara şalyny egnine atyp, äleme nur paýlasa, sen ynjan ýa-da nämedir bir zatdan ynjalan göwünleriň şuglasy bolup, kalplara ýagtylyk çaýýardyň. Şonuň üçin hem saňa barýan menzili külterlänler onuň ýoluny, ýordumyny bilmezden saňa sygyndylar, senden teselli tapýandyklaryna ynandylar.

Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.