«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023
Gahryman Arkadagymyzyň okyjylar köpçüligine peşgeş berýän her bir täze kitaby ähli ildeşlerimiziň, şol sanda biz — talyp ýaşlaryň gözümiziň guwanjyna, köňlümiziň buýsanjyna öwrülýär. Şonuň ýaly-da, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işlere bagyşlanyp taýýarlanylýan kitaplar hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine giňden nazar aýlamaga mümkinçilik berýän wajyp neşirler bolup durýar.