Türkmenistan — Oman: janköýerler iň durnukly adamlardyr

25 Iýun 2023
624

«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023

Bizden ozalkylaryň aýtmadyk zady ýok. Haýsy ugurdan söhbet etseň, şoňa dahylly bir nakyla ýa paýhasly jümlä gabat gelýärsiň. «Söz tapmasaň, köneleriň gepini geple» diýen jümle Türkmenistan bilen Omanyň arasyndaky oýundan soň teselli tapmaga ýol salgy berdi. «Ilkinji külçe kül tutar»: telim gezek ulanan bu nakylym ýene-de «dertdeşim» boldy. Milli ýygyndynyň başyna geçip, ilkinji gezek resmi ýaryşa gatnaşmak kyn däl. Emma janköýerleriň isleýşi ýaly, netijeli oýun görkezmek dilde aňsat. Nesil çalşygyny başdan geçirýän wagty islendik ýygyndynyň hem wagtyň synagyndan geçmeli bolýandygy hemmä aýan hakykat. Mergen Orazow hem, milli ýygynda çagyrylan oýunçylar hem şol hakykat bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.