Ha­ly­pa-şä­girt­lik mek­de­bi

1 Sentýabr 2024
139

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024

    Hal­ky­my­zyň dün­ýä ýü­zün­de uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry sa­na­lan­da türk­men mil­li gö­re­şi­niň hem bu sa­naw­da my­na­syp or­ny bar. Asyr­lar­dan-asyr­la­ra ge­çip gel­ýän ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň üz­nük­siz do­wam etd­iri­lip, şu gün­ki gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gi bu gün­ki gün­de hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport oýun­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gi­ri­zi­len mil­li gö­reş sun­ga­ty­myz bi­len berk bag­lan­yşyk­ly­dyr. Bu ba­ra­da söh­bet açy­lan­da ir­ki dö­wür­ler­de hem halk ara­syn­da at-owa­za­sy alys­la­ra ýaý­ran at­ly päl­wan­lar bo­lup, ol päl­wan­lar hem öz yz­la­ryn­da en­çe­me şä­girt­le­ri ýe­tiş­di­rip, gö­reş sun­ga­ty­nyň do­wa­ma­ty­nyň do­wam bol­ma­gyn­da öz go­şant­la­ry­ny go­şup­dyr­lar. Mil­li gö­reş sun­ga­ty­nyň türk­men hal­ky­nyň ara­syn­da has giň ýaý­rap, ju­da ýör­gün­li sport gör­nü­şi bo­lan­dy­gy­na YU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mirasynyň gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny­ny oka­ny­myz­da has aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Şa­des­sa­nyň il­kin­ji bö­lü­mi bo­lan «Gö­rog­ly­nyň dö­reý­şi» şa­ha­syn­da ýi­git ýe­ti­şen Röw­şen, ýag­ny Gö­rog­ly öz ka­ka­sy­nyň kyrk ýi­gi­di bi­len sa­ta­şan pur­sa­tyn­da olar bi­len gö­reş tu­tu­şyp, güýç sy­nanyş­ýar. Şon­da Gö­rog­ly öz gu­jur-gaý­ra­ty, gö­reş sun­ga­ty­na ez­ber­li­gi bi­len ýi­git­le­riň sy­na­gyn­dan geç­ýär. Ýe­ne-de şa­des­sa­nyň «Öwez ge­ti­ren» şa­ha­syn­da Gö­rog­ly ýet­miş bir sa­ny päl­wan bi­len gö­reş­mek­çi bol­ýan ga­lan­da­ry öňi bi­len öz sy­na­gyn­dan ge­çi­rip, ma­za­ly göw­ni ýe­ten­soň oňa or­ta çy­kyp gö­reş­mek­li­ge rug­sat ber­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, şa­des­sa­nyň «Öwez öý­le­nen» şa­ha­syn­da:

Ke­rim SAZAKOW,
Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mek­de­bi­ň mü­di­ri­niň okuw iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry.