«7/24 tm» № 26 (161) 26.06.2023
2009-njy ýylda Stambulyň «Şükrü Sarajaoglu» stadionynda geçirilen UEFA-nyň kubogynyň iň soňky finalynda meşhur bolan pişik ýadyňyza düşýärmi?! Şöhraty oýunçylardan kem bolmadyk pişigiň ilkinji gezek Stambulyň Kadyköý etrabynda ýerleşýän stadionda görülmegi «Kadyköýüň pişigi» diýen jümläniň döremegine sebäp bolan bolsa gerek. Emma okyjylaryň ýadyna Kadyköýde ýanýodany tirsekläp oturmak bilen meşhurlyk gazanan Tombili atly köçede heýkeli oturdylan pişik düşüp biler. Heýkelteraş Sewal Şahin tarapyndan «ebedileşdirilen» Tombiliden tapawutlylykda stadionda peýda bolan pişik taryhy pursatyň şaýady bolup, hakydalara ornady.