«7/24 tm» № 25 (160) 19.06.2023
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýurdumyzyň sport ulgamynda uly ösüşler gazanylyp, halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleri ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. Ýurdumyzyň medallar gaznasyny baýlaşdyrmagy maksat edinen türkmen türgeni Gaýgysyz Torýaýew Gawanada geçirilen saýlama Olimpiýa ýaryşynda kümüş medal gazandy. 19 ýaşly Torýaýew 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 319 kg (144 + 175) agramy götermek arkaly üstünlik gazandy. Bu ýaş türgeniň uly üstünlikleriniň biri boldy. Munuň özi Gaýgysyz Torýaýewiň geljekde halkara we döwlet derejesinde geçiriljek ýaryşlarda ençeme medallary gazanyp, ata Watanymyzyň sport abraýyny arşa galdyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşjakdygyny alamatlandyrýar.