"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Hoş owaz­ly, owa­za­ly awa­za

De­mi­ňe der­man bol­ýan ada­ja şe­ma­lyň, ör­kü­ji de­ňiz şy­pa­sy­na ýük­le­nip ow­sun at­ýan tol­kun­la­ryň, bag­ty­ýar adam­la­ryň şat­lyk-şow­hu­ny­nyň owa­zy Awa­za­nyň ja­na te­ne­kar ke­na­ry­na ma­ýyl ed­ýär. Bu gö­zel­lik Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Sport­ly Türk­me­nis­tan!» at­ly şyg­ryn­da­ky: «Aja­ýyp Awa­za nu­ra­na me­kan//Ha­zar tol­kun­la­ry joş­gun­ly mu­kam», «Sport! Türk­me­nis­tan! Gö­zel Awa­za!», «Türk­me­nis­tan, Awa­za — bag­tyň me­ka­ny» di­ýen söz­le­ri­ni aý­dym edip dün­ýä­ňe dol­dur­ýar. Bu owaz­lar Awa­za­nyň at-owa­za­sy­ny ja­ha­na ýaý­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk se­na­ga­ty­nyň bi­ler­men­le­ri dynç al­ýan­la­ry, sy­ýa­hat­çy­la­ry, umu­man, müş­de­ri­le­ri özü­ňe çek­me­giň, ola­ryň aňyn­da oňyn ga­ra­ýyş­la­ry dö­ret­me­giň, pu­da­gy ös­dür­me­giň, hyz­mat­la­ry ma­ha­bat­lan­dyr­ma­gyň esa­sy şer­ti hök­mün­de bren­din­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Bren­ding bren­di dö­ret­mek, gol­da­mak we ba­zar­da ýaý­baň­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mar­ke­ting amal­la­ry­nyň bi­te­wü­li­gi bo­lup, ol sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň özü­ne­ çe­ki­ji­li­gi­ni, bu ýe­re gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny-da art­dyr­ýar. Diý­mek, hä­zir­ki dö­wür­de sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny ös­dür­mek onuň bren­din­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Sag­dyn dur­muş — bag­ty­ýar gel­jek

Nobatdaky zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Ir bi­len döw­let Baştutanymyz de­ňiz ke­na­ry­na gel­di. Tom­su­na gü­nüň bu ça­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy eme­le gel­ýär. Mu­nuň özi de­ňiz­den we «Awa­za» eme­li der­ýa­syn­dan öwüs­ýän ser­gin şe­ma­lyň, ýa­şyl se­ýil­gäh­le­riň, to­kaý zo­lak­la­ry­nyň dö­red­ýän sal­kyn ho­wa­sy­nyň esa­syn­da müm­kin bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da şeý­le zo­lak­la­ryň çä­gi ep-es­li gi­ňel­dil­di. Bu çä­re­ler ke­nar­ýa­ka se­bi­tiň eko­lo­gik ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­ny hem şert­len­dir­di.

Arkadagyň yhlasyndan gülleýän «akylly» şäher

Häzirki wagtda Arkadag şäherini ösdürmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Bu bolsa täze şäheriň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerdilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, onuň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. 3-nji awgustda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bolup, täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda ikinji tapgyrda durmuşa geçirilýän işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bi­len Mil­li Li­de­ri­miz di­ku­çar­da tä­ze şä­he­re no­bat­da­ky iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow we Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa şä­her­de hä­zir­ki dö­wür­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri, gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­sy­nyň gu­rul­jak ýe­ri­niň çyz­gy­la

As­ta­na sam­mi­ti: ga­dyr­ly gat­na­şyk­la­ry iler­le­dip, nu­ra­na gel­je­ge

Soň­ky ýyl­lar­da Mer­ke­zi Azi­ýa gy­zyk­lan­ma­la­ryň bar­ha art­ýan­dy­gy äş­gär ha­ky­kat. Mu­ny biz se­bit döw­let­le­ri bi­len has ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga, bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler­den bi­le­lik­de peý­da­lan­ma­ga, Azi­ýa­nyň ýü­re­gin­den Ze­mi­niň çar kün­je­gi­ne ulag, ener­ge­ti­ka köp­rü­le­ri­ni çek­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­nyň yzy­gi­der­li kö­pel­ýän­di­gi­niň my­sa­lyn­da aý­dyň gör­ýä­ris. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da goň­şu­çy­lyk­da ýa­şa­ýan bäş ýur­duň Li­der­le­ri bol­sa se­bi­tiň yk­ba­ly­na da­hyl­ly me­se­le­le­ri «Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy» at­lan­dy­ryl­ýan meý­dan­ça­nyň çä­gin­de çöz­mä­ge ym­tyl­ýar­lar. 9-njy aw­gust­da-da dost­luk­ly döw­let­le­riň Pre­zi­dent­le­ri As­ta­na­da jem­len­mek bi­len, bi­le­lik­de oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak ba­bat­da­ky sy­ýa­sy erk-is­le­gi­ni, me­ýil­le­ri­ni, aý­gyt­ly­ly­gy­ny gör­ke­zip, köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­riň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Kö­ne dost­lar, tä­ze tek­lip­ler

Gö­rel­de­si ne­sil­le­re ýö­rel­ge

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça baý tej­ri­be top­lan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri mer­ke­ziň ba­dal­ga no­ka­dy­na çyk­dy. Sport ulag­la­ry­nyň bi­ri­ni do­lan­dy­ryp, onuň teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni sy­nag­dan ge­çir­di. Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, ula­gy sür­mä­ge baş­la­maz­dan ozal, ze­rur bo­lan teh­ni­ki taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek, şun­da ýo­luň we ho­wa­nyň de­re­je­si­ni kes­git­le­mek, ula­gyň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny na­za­ra al­mak aw­to­mo­bil spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan tür­gen­le­re bil­di­ril­ýän esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Soň­ra aw­tou­lag Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň do­lan­dyr­ma­gyn­da des­si­ne tiz­li­gi­ni art­dy­ryp, çyl­şy­rym­ly öw­rüm­le­riň bir­nä­çe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di.

«Çeş­mä­niň du­ru­ly­gy göz­ba­şy­na bag­ly»

Ge­çen asy­ryň 30-njy ýyl­la­ryn­da dün­ýä inip, ça­ga­ly­gy Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň ýa­lyn­ly ýyl­la­ry­na ga­bat ge­len Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň yk­ba­ly­na dür­li dö­wür­ler­de, hat­da ju­da çyl­şy­rym­ly dö­wür­ler­de ýa­şa­mak pa­ýy dü­şüp­dir. Ol dö­wür­le­riň için­den mert, gaý­rat­ly, wa­tan­sö­ýü­ji yn­san bo­lup ge­çip­dir. Zäh­me­ti­ni, bi­lim-tej­ri­be­si­ni, ze­hi­ni­ni, ba­şar­ny­gy­ny il-ýur­du­na ba­gyş edip­dir. Wa­ta­ny söý­mek, il-hal­ka hyz­mat et­mek üçin aý­ry bir pur­sa­dyň ýok­du­gy­ny, ada­myň ýa­şa­ýan her dem pur­sa­dy­nyň ile-ýur­da söý­gi, hyz­mat bi­len do­ly bol­ma­ly­dy­gy­ny dur­muş ýo­ly ar­ka­ly aýan edip­dir. Yn­san­lyk mer­te­be­si­ni sak­la­ma­gyň gö­rel­de­si­ni gör­ke­zip­dir, ýö­rel­ge­si­ni go­ýup­dyr. Dö­wür­le­riň be­ýik şah­sy­ýe­ti­ne öw­rü­lip­dir. Öz mu­kad­des ýo­lu­nyň ne­sil­ler­de do­wam et­me­gi­ni, ady­nyň hal­kyň ýü­re­gin­de ba­ky gal­ma­gy­ny ga­za­nyp­dyr. Mil­li Li­de­ri­miz öz ma­ny­ly öm­rü­ni hal­ky­na, ene top­ra­gy­na ba­gyş edip, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň be­lent nus­ga­sy­ny gör­ke­zen, Wa­ta­na gul­luk et­me­gi iň be­ýik mer­te­be sa­ýan gah­ry­man pe­de­ri­ni ýat­lap: «Mäh­ri­ban kyb­la­myň ömür ýo­ly me­niň üçin dur­muş mek­de­bi bol­dy. Ol her hi­li çyk­gyn­syz, kyn ýag­daý­da hem al­jy­ra­man, baş alyp çyk­ma­gy ba­şar­ýar­dy» di­ýip bel­le­ýär. Mä­lik­gu­ly aga­nyň ömür ýo­ly

Mak­sat — Ha­za­ryň tä­sin ekoul­ga­my­ny go­ra­mak

12-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nil­di. Baý­ram­çy­ly­gyň çäk­le­rin­de yl­my-ama­ly mas­la­hat, ser­gi, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. «Ha­zar deň­zi: dur­nuk­ly ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­lyk» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi we Ha­zar deň­zi ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň gol­daw ber­me­gin­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky «Ber­ka­rar» myh­man­ha­na­syn­da gu­ral­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ha­zar deň­zi­niň gü­nü­ni bel­le­mek ha­kyn­da­ky çöz­güt 2007-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Täh­ran Kon­wen­si­ýa­sy­nyň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­lar (Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy we Türk­me­nis­tan) ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. 2006-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak ha­kyn­da Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa güý­je gir­di. Täh­ran Kon­wen­si­ýa­sy Ha­za­ryň de­ňiz gur­şa­wy­ny aýaw­ly sak­la­ma­ga, di­kelt­mä­ge we go­rap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Awa­za­da­ky dost­luk­ly dynç alyş

şadyýan ça­ga­la­ra ru­hu­be­lent­lik eçil­di 1 — 10-njy aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýar­da­my esa­syn­da «Awa­za — dost­luk me­ka­ny» ady bi­len me­de­ni-köp­çü­lik we sport çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Şu ýy­lyň mar­tyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­syn­da bi­rin­ji or­na my­na­syp bo­lup, Awa­za­da dynç al­ma­ga ýol­lan­ma alan rus­si­ýa­ly mek­dep okuw­çy­la­ry, ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ha­sa­by­na luk­man­çy­lyk be­jer­gi­le­ri­ni alan, şeý­le-de paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän ça­ga­lar ola­ra iş­jeň gat­na­şyp, to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni şat­lyk-şow­hu­na bes­le­di­ler.

Täzelikler

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Innowasion tehnologiýalara daýanýan bu kuwwatly dokma kärhanasynda häzirki wagtda ýokary hilli nah ýüplükleriň 12-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär. Olardan 34-lik belgili nah ýüplükler has islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Önümçiligiň çig mal bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň we işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň netijesinde fabrikde geçen iýul aýynda 2 million 335 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu görkeziji ýedi aýyň dowamynda 21 million 668 müň manatlykdan geçdi. Degişli döwürde 951 tonna ýokary hilli nah ýüplük taýýarlanyldy. Fabrikde öndürilen 34-lik belgili nah ýüplükler Russiýa Federasiýasy, Belarus, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ugradyldy.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.

Asylly ýörelgeler dowamat

Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişlikler bolup geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Mähriban halkymyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berýän mukaddes ýol-ýörelgeleri saýlap, dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, ruhy binýadyny goýdy. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynanyşmak, milli demokratik ýol-ýörelgeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu belent ýol-ýörelgeler dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilimiň, ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, parahat we abadan durmuşyň gülleýän ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň geljekki meýilnamalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem geçiriljekdigini, onda berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan ýeňişleriň, üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemlenilip, öňde duran möhüm we

Merkezi Aziýa: bir maksat, bir ýol bilen

Merkezi Aziýa döwletleri! Olar geografiki ýerleşişi taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmek bilen, bu gün okgunly ösüşleriň, jebislikdäki gadamlaryň hem merkezine öwrülýär. Şeýle bolansoň, bütin dünýä döwletleri bu sebitiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga döwtalap. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary bolsa sebitdäki okgunly ösüşleriň täze ädimlerini kesgitleýän meýdança öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýakynda Gazagystan Respublikasynda geçirilen altynjy konsultatiw duşuşygynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşy bilelikdäki ösüşiň aýdyň ýollaryny salgy berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, duşuşyklaryň şu formaty Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi. Ilkinji duşuşykdan bäri Merkezi Aziýa döwletleri bilelikdäki ädimleriň birnäçesini ädip, tutuş Ýer ýüzüne görelde boldular. Şol sebäpli Türkmenistan konsultatiw duşuşyklaryň ilkibaşdaky mazmunynyň we maksadynyň saklanyp galmagynyň tarapdary. Olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir.

Halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyz agzybirlikde ýene bir möhüm ähmiýetli syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek aýda geçiriljek mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bagtyýarlyk döwrüniň taryhynda möhüm pursady alamatlandyrýan Halk Maslahatynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi beýik taryhy we medeniýeti döreden pederlerimiziň köpasyrlyk parasatly we asylly däpleriniň, milli ýörelgelerimiziň häzirki döwürde-de ileri tutulýandygynyň, döwletiň we halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmekde il-güne maslahat salynýandygynyň, bu işlerde ýaşuly nesliň wekilleriniň baý durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sylag-hormatdan, abraý-mertebeden paýly adamlaryň agzybirlik bilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr. Çünki bilşimiz ýaly, bu milli forumyň mejlislerinde halkymyzyň, ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli we aç-açanlyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ählihalk işleri yzygiderli we sazlaşykly dowam etdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işleriň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi döwletimiziň daýanjy bolan watansöýüji, ýokary ahlak häsiýetli, edermen ýaşla

Nurly geljegi nazarlaýan berkarar Diýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze-täze tutumlara, başlangyçlara badalga berlip, döwletimiziň ykdysady kuwwaty has-da berkidilýär. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ajaýyp zamanamyzda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, oba-şäherlerimiz täze keşbe girdi. Gurlup ulanmaga berlen dürli önümçilik we beýleki maksatly desgalarda zähmet gaýnap-joşýar. Şol desgalaryňdyr toplumlaryň käbiriniň sebitde deňsiz-taýsyz bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň at-abraýynyň, mertebesiniň belende göterilýändigini ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan tutumly işler bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolýan ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ajaýyp zamanany üstünliklere besleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem umumadamzat bähbitlerine, röwşen geljegimize gönükdirilen tutumlar rowaçlyklara eýe bolýar. Şeýle buýsançly hakykatyň özeninde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgesiniň durýandygyny bellemelidiris. Türkmenistan döwletimiz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüji, ählumumy abadançylygy pugtalandyrmaga itergi berýän ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürýän ýurt hökmünde abraý-hormatdan peýdalanyp gelýär. Munuň özi amala aşyrylýan oýlanyşykly başlangyçlaryň, geljegi nazarlaýan özgertmeleriň diňe bir Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de ösdürmek, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, abadançylygy, ösüşi üpjün etmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendigini görkezýär.

Asudalygyň goragynda

Hemmeleriň goşandy bolmalydyr Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz behişdi mekana öwrülýär. Türkmen halky eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar we döredýär. Şeýle ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň köçe-ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak maksady bilen wajyp wezipeleri öňde goýýar. Çünki, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek ömrümiziň rahatlygynyň, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň ygtybarly kepilidir.

Tam üstünde tamymyz, goşadyr eýwanymyz...

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Hazar deňziniň kenarýakalaryndaky oturymly ýerler barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu ýerleriň aýakly, ýagny sütünli tamlary göz öňüňe gelýär.

Energiýany tygşytlamak — kanunçylyk esasly wezipe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy durmuşa geçirilip, 2021-nji ýylda Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, 2023-nji ýylda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berilmegi, şeýle-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkalaýyn energoulgamyň emele gelmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrýar, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has gowulandyrýar, halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär. Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygynyň täze, döwrebap ulgamyny döretmäge aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bol

Türkmenistanyň Hazar strategiýasy: umumy bähbitleriň we bitewi ykbalyň hatyrasyna

Ýer ýüzünde deňiz kän, megerem, olaryň aglabasyny «mümkinçilikleriň deňzi» diýip häsiýetlendirip bolmasa gerek. Munuň üçin düýpli esaslaryň we köpugurly mümkinçilikleriň, iň esasysy-da pugta parahatçylygyň bolmagy gerek. Hazar deňzi, ine, şeýle deňizleriň biri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap: «Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip belledi. Häzirki wagtda Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu ugurdaky işleriň ýurdumyz tarapyndan utgaşdyrylmagynda we Hazar gün tertibindäki meseleleriň düzgünleşdirilmeginde Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Biz Hazarýaka ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanyp, Türkmenistanyň Hazar deňzi in

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Möwsüme taýýarlykly barylýar