Gö­rel­de­si ne­sil­le­re ýö­rel­ge

15 Awgust 2024
78

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça baý tej­ri­be top­lan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri mer­ke­ziň ba­dal­ga no­ka­dy­na çyk­dy. Sport ulag­la­ry­nyň bi­ri­ni do­lan­dy­ryp, onuň teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni sy­nag­dan ge­çir­di. Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, ula­gy sür­mä­ge baş­la­maz­dan ozal, ze­rur bo­lan teh­ni­ki taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek, şun­da ýo­luň we ho­wa­nyň de­re­je­si­ni kes­git­le­mek, ula­gyň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny na­za­ra al­mak aw­to­mo­bil spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan tür­gen­le­re bil­di­ril­ýän esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Soň­ra aw­tou­lag Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň do­lan­dyr­ma­gyn­da des­si­ne tiz­li­gi­ni art­dy­ryp, çyl­şy­rym­ly öw­rüm­le­riň bir­nä­çe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di.