Halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni

14 Awgust 2024
132

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyz agzybirlikde ýene bir möhüm ähmiýetli syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek aýda geçiriljek mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bagtyýarlyk döwrüniň taryhynda möhüm pursady alamatlandyrýan Halk Maslahatynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi beýik taryhy we medeniýeti döreden pederlerimiziň köpasyrlyk parasatly we asylly däpleriniň, milli ýörelgelerimiziň häzirki döwürde-de ileri tutulýandygynyň, döwletiň we halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmekde il-güne maslahat salynýandygynyň, bu işlerde ýaşuly nesliň wekilleriniň baý durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär.

Ýurdumyzda sylag-hormatdan, abraý-mertebeden paýly adamlaryň agzybirlik bilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr. Çünki bilşimiz ýaly, bu milli forumyň mejlislerinde halkymyzyň, ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli we aç-açanlyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ählihalk işleri yzygiderli we sazlaşykly dowam etdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işleriň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi döwletimiziň daýanjy bolan watansöýüji, ýokary ahlak häsiýetli, edermen ýaşlary terbiýelemekde, olary beýik işlere ruhlandyrmakda paýhasly gojalarymyzyň göreldelerini nusga edinmek, olaryň wesýetlerine eýermek mukaddes ýörelgeleriň biridir. Halkyň durmuşy bilen baglanyşykly her bir işde kümüş saçly mährem enelerimiziň, dana gojalarymyzyň maslahatlaryna, tekliplerine daýanmak bolsa olaryň mertebesini belende götermek ýaly milli ýörelgelerimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.