Belent maksatlar rowaçlanýar

14 Awgust 2024
96

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň at-abraýynyň, mertebesiniň belende göterilýändigini ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan tutumly işler bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolýan ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ajaýyp zamanany üstünliklere besleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem umumadamzat bähbitlerine, röwşen geljegimize gönükdirilen tutumlar rowaçlyklara eýe bolýar. Şeýle buýsançly hakykatyň özeninde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgesiniň durýandygyny bellemelidiris.

Türkmenistan döwletimiz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüji, ählumumy abadançylygy pugtalandyrmaga itergi berýän ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürýän ýurt hökmünde abraý-hormatdan peýdalanyp gelýär. Munuň özi amala aşyrylýan oýlanyşykly başlangyçlaryň, geljegi nazarlaýan özgertmeleriň diňe bir Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de ösdürmek, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, abadançylygy, ösüşi üpjün etmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendigini görkezýär.

Murat BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.