Sag­dyn dur­muş — bag­ty­ýar gel­jek

15 Awgust 2024
118

Nobatdaky zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Ir bi­len döw­let Baştutanymyz de­ňiz ke­na­ry­na gel­di. Tom­su­na gü­nüň bu ça­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy eme­le gel­ýär. Mu­nuň özi de­ňiz­den we «Awa­za» eme­li der­ýa­syn­dan öwüs­ýän ser­gin şe­ma­lyň, ýa­şyl se­ýil­gäh­le­riň, to­kaý zo­lak­la­ry­nyň dö­red­ýän sal­kyn ho­wa­sy­nyň esa­syn­da müm­kin bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da şeý­le zo­lak­la­ryň çä­gi ep-es­li gi­ňel­dil­di. Bu çä­re­ler ke­nar­ýa­ka se­bi­tiň eko­lo­gik ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­ny hem şert­len­dir­di.