As­ta­na sam­mi­ti: ga­dyr­ly gat­na­şyk­la­ry iler­le­dip, nu­ra­na gel­je­ge

15 Awgust 2024
107

Soň­ky ýyl­lar­da Mer­ke­zi Azi­ýa gy­zyk­lan­ma­la­ryň bar­ha art­ýan­dy­gy äş­gär ha­ky­kat. Mu­ny biz se­bit döw­let­le­ri bi­len has ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga, bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler­den bi­le­lik­de peý­da­lan­ma­ga, Azi­ýa­nyň ýü­re­gin­den Ze­mi­niň çar kün­je­gi­ne ulag, ener­ge­ti­ka köp­rü­le­ri­ni çek­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­nyň yzy­gi­der­li kö­pel­ýän­di­gi­niň my­sa­lyn­da aý­dyň gör­ýä­ris. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da goň­şu­çy­lyk­da ýa­şa­ýan bäş ýur­duň Li­der­le­ri bol­sa se­bi­tiň yk­ba­ly­na da­hyl­ly me­se­le­le­ri «Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy» at­lan­dy­ryl­ýan meý­dan­ça­nyň çä­gin­de çöz­mä­ge ym­tyl­ýar­lar. 9-njy aw­gust­da-da dost­luk­ly döw­let­le­riň Pre­zi­dent­le­ri As­ta­na­da jem­len­mek bi­len, bi­le­lik­de oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak ba­bat­da­ky sy­ýa­sy erk-is­le­gi­ni, me­ýil­le­ri­ni, aý­gyt­ly­ly­gy­ny gör­ke­zip, köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­riň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Kö­ne dost­lar, tä­ze tek­lip­ler