«Çeş­mä­niň du­ru­ly­gy göz­ba­şy­na bag­ly»

15 Awgust 2024
90

Ge­çen asy­ryň 30-njy ýyl­la­ryn­da dün­ýä inip, ça­ga­ly­gy Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň ýa­lyn­ly ýyl­la­ry­na ga­bat ge­len Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň yk­ba­ly­na dür­li dö­wür­ler­de, hat­da ju­da çyl­şy­rym­ly dö­wür­ler­de ýa­şa­mak pa­ýy dü­şüp­dir. Ol dö­wür­le­riň için­den mert, gaý­rat­ly, wa­tan­sö­ýü­ji yn­san bo­lup ge­çip­dir. Zäh­me­ti­ni, bi­lim-tej­ri­be­si­ni, ze­hi­ni­ni, ba­şar­ny­gy­ny il-ýur­du­na ba­gyş edip­dir. Wa­ta­ny söý­mek, il-hal­ka hyz­mat et­mek üçin aý­ry bir pur­sa­dyň ýok­du­gy­ny, ada­myň ýa­şa­ýan her dem pur­sa­dy­nyň ile-ýur­da söý­gi, hyz­mat bi­len do­ly bol­ma­ly­dy­gy­ny dur­muş ýo­ly ar­ka­ly aýan edip­dir. Yn­san­lyk mer­te­be­si­ni sak­la­ma­gyň gö­rel­de­si­ni gör­ke­zip­dir, ýö­rel­ge­si­ni go­ýup­dyr. Dö­wür­le­riň be­ýik şah­sy­ýe­ti­ne öw­rü­lip­dir. Öz mu­kad­des ýo­lu­nyň ne­sil­ler­de do­wam et­me­gi­ni, ady­nyň hal­kyň ýü­re­gin­de ba­ky gal­ma­gy­ny ga­za­nyp­dyr. Mil­li Li­de­ri­miz öz ma­ny­ly öm­rü­ni hal­ky­na, ene top­ra­gy­na ba­gyş edip, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň be­lent nus­ga­sy­ny gör­ke­zen, Wa­ta­na gul­luk et­me­gi iň be­ýik mer­te­be sa­ýan gah­ry­man pe­de­ri­ni ýat­lap: «Mäh­ri­ban kyb­la­myň ömür ýo­ly me­niň üçin dur­muş mek­de­bi bol­dy. Ol her hi­li çyk­gyn­syz, kyn ýag­daý­da hem al­jy­ra­man, baş alyp çyk­ma­gy ba­şar­ýar­dy» di­ýip bel­le­ýär. Mä­lik­gu­ly aga­nyň ömür ýo­ly bi­ziň äh­li­miz üçin hem nus­ga­lyk ýö­rel­ge, ter­bi­ýe mek­de­bi­dir. Hormatly Arkadagymyzyň mäh­ri­ban kyb­la­sy­nyň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­lap ýa­zan «Ata­myň» goş­gu­syn­da­ky:

Mä­tä­je uzat­dy kö­mek go­lu­ny,
Mu­kad­des­lik saý­dy ene di­li­ni,
Il için­de al­kyş bol­dy ala­ny,
Ýol­la­ry al­kyş­dan do­ly ata­myň —