Türkmenistanyň Hazar strategiýasy: umumy bähbitleriň we bitewi ykbalyň hatyrasyna

14 Awgust 2024
124

Ýer ýüzünde deňiz kän, megerem, olaryň aglabasyny «mümkinçilikleriň deňzi» diýip häsiýetlendirip bolmasa gerek. Munuň üçin düýpli esaslaryň we köpugurly mümkinçilikleriň, iň esasysy-da pugta parahatçylygyň bolmagy gerek. Hazar deňzi, ine, şeýle deňizleriň biri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap: «Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip belledi.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu ugurdaky işleriň ýurdumyz tarapyndan utgaşdyrylmagynda we Hazar gün tertibindäki meseleleriň düzgünleşdirilmeginde Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Biz Hazarýaka ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanyp, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat ATAJANOWA käbir sowallar bilen ýüzlendik.

Söhbetdeş bolan Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».