"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Täsinlikler dünýäsinde

Öň hiç görmedik ýerine taşlanan kepderi 2 müň 400 kilometrden öňki höwürtgesini tapyp bilýär. ***

Muny bilmek gyzykly

Atlaryň görüş ukyby Atyň gözleri hemişe özüniň çuňlugy we mähremligi bilen haýrana goýup beýleki jandarlardan tapawutlanýar. Atlaryň görüş ukyby, olaryň özüni alyp barşy we ýyndamlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Atyň gözi köp sanly iri jandarlaryň — gözlerinden has uludyr. Atlar arka tarapyndaky hereketi ýa-da zatlary hem görüp bilýärler. Atlaryň bu aýratynlygy olara duşmanyň daş keşbini öňünden duýmaga we halas bolmaga mümkinçilik berýär. Atlaryň gijelerine aýyl-saýyl görüp, güneşli günlere garanyňda, bulutly günlerde has gowy görýändigi bellenilýär.

Söz bilen jahany jadylan şahyr

Meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatow tarapyndan: «Türküstanda XVIII asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr» diýlip, döredijiligine juda uly, örän jaýdar baha berlen şahyryň ýaşan döwri bizden barha daşlaşýar. Ýöne döwür näçe daşlaşdygyça, şahyr öz mähriban halkyna barha golaýlaşýar. Türkmeniň ak öýi. Ulusy uly, kiçisi kiçi ýerindedir. Ol ýerde sylag-hormat, edep-ekram, ar-namys bardyr. Maşgalada bir agza bakylýandyr, bir adamdan sapak alynýandyr. Ol ak öýüň ýaşulusydyr. Telim gary basgylan adamdyr, uzak ömrüň ajysynam, süýjüsinem görendir. Az geplär, ýöne uz geplär. Durşy bilen akyldyr, alanyň, ýüregiňe ýazyp goýanyň özüňkidir. Könelerimiz garryly öýi gazna deňäpdirler. Magtymguly-da ýaşuly, ýöne ol bir ojagyň däl-de, külli türkmeniň ýaşulusy. Hut şeýle bolany üçin hem, onuň XVIII asyrdan bäri uzap gaýdan şygyr ýoluna ot bitenok...

«13»-lik (Hekaýa)

Durmuşda üstünlige ýetmekde her kimiň bir ynanýan zady bolýar. Kimsi ony öz içinde, pikir düwünçeginiň iň aşagynda saklasa, başga biri özüne şowlulyk getirýän zatlary aýtmakdan çekinenok. Şol şowlulyk getirýän zatlaryň biri-birinden üýtgeşikligi welin hakykat. Birbada menem özüme ynanmadym. Onsoňam men şol täsinlige ynanaýanymda-da, özgeleriň maňa ynanjagy gümana. Üstesine-de, maňa şowlulyk getirýän zat san bilen bagly. Özi-de, meniň tanyşlarymyň arasynda şol sany halamaýanlary-da bar. Şonuň üçin bu barada hiç kime dil ýarmagam islemeýärdim. Bu ýagdaý uzaga çekmedi. Adymyň, familiýamyň bileleşäkge-de 13 harpdan ybarat bolmagy tötänleýin zatdyr öýdüp ýörkäm, asyl meniň durmuş guran ýigidimiňki hem şeýle bolup çyksa nätjek?! Geň galmakdan ýaňa ikimizem biri-birimize gözlerimizi tegeläp seretdik-de, muny bolmaly zat hökmünde kabul etdik. Onsoň bir gün oturdym-da, öz ýanymdan bu sanyň ykbalymdaky ähmiýetini seljermäge başladym. Okan mekdebimiň, Aşgabada gelenimde ilkinji münen awtobusumyň, hatda durmuş toýuny tutan senämiziňem 13-likdigi meni haýran galdyrdy.

Şygryýet älemi

Öý Kemter geler ne söýleseň,Ynjalypjyk, peýlänimiz.Bolmaz-a ony söýmeseň,Mähriban, mährem öýümiz.

Paýhas dürdäneleri

Zehin howa şary ýalydyr, açmagy başarmasaň, haýry degenok. Tomas Edison.

Buýsançnama

Asyrlardan aklyk alan aslymyz,Rysgal-bereketdir ähli paslymyz,Dünýä döwletleri dogan-dostumyz,Mübärek ilimiň seýil-seýrany,Garaşsyzlyk döwrümiziň döwrany! Asuda säherler ak nurun saçyp,Guşlar päk asmanda erkana uçup,Obalar, şäherler bagtyny guçup,Şatlyk-şowhun halkymyzyň görýäni,Garaşsyzlyk döwrümiziň döwrany!

Ýürek kelamy

Biziň ilde göwün Käbä deňelýär,Baky ýer edensiň ähli dillerde.Bakylyga çagyryş bu şygyrlar,Geçmişim, şu günüm jemlenýär sende. Taryhymyň ýaňy sende duýulýar,Ene dilim Arşa göteren ussat!Halkyň bilen deň uransoň ýüregiň,Ýalkym saçýan şygryň göwherden zyýat.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa

Ynsan üçin ene topragyndan, ata Watanyndan zyýada hiç bir zat ýok. Watan — ynsan oglunyň emer-damary. Watan gymmatlygy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şirin zybanyndan çykan dürdäne setirlerinde çuňňur beýanyny tapypdyr. Beýik akyldar mukaddes Watanyň, ene topragyň gadyr-gymmaty hakdaky pikirlerini birnäçe setirlerinde beýan edipdir. Türkmen topragynyň sähralyklary, daglary, düzlükleri, deňizdir derýalary, hoşgylaw adamlary, şirin aýdym-sazlary, özüni kemala getiren halka bolan yssy mähri, döwrüň ýaşaýyş-durmuş meseleleri Magtymguly Pyragynyň Watan diýen düşünjesini ösdüripdir. Şonuň üçin ol her demde ene topragyň gurşawy bilen ýaşap, ony jany-teni bilen söýüpdir. Adamlaryň agzybirlikde birleşip, önüp-ösen topragynyň — ýurdunyň azat-erkana bolmagyny arzuw edipdir. Şahyr Watan erkinliginiň, asudalygynyň, kuwwatynyň berkarar bolmakdadygyna aýdyň göz ýetiripdir.

Akyldar şahyryň şygyrlary — dürler hazynasy

Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý hem-de köptaraplydyr. Ata Watana, ene topraga, türkmen iline bolan çäksiz söýgi, jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlary, ahlak arassalygy, tebigat gözelligi — bularyň ählisi şahyryň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Beýik söz ussadynyň eserleriniň içinde öwüt-ündew häsiýetli goşgular aýratyn orny eýeleýär. Şahyryň öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň aglabasy watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, ýagşy ahlaklylyk ýaly wajyp temalara bagyşlanypdyr. Bu goşgularyň ençemesiniň mazmuny türkmen halk nakyllaryna esaslanýar. Şeýle etmek bilen şahyr pelsepewi pikirleri şygyr bentlerine salypdyr. Bu Pyragynyň şygyrlarynyň esasy aýratynlygydyr. Mysal üçin, şahyryň «Gidiji bolma» goşgusyndaky:

Dostlar (hekaýa)

Tomus dynç alşa çykyp, öýde bolmagyň hezilligi bir başga. Asyl hem, tomus çagalaryň gowy görýän pasly. Tüp yssyda ýatyp, Günüň howry gaýdyşyberer welin, çagalaryň şadyýan sesleri ýaňlanyp başlar. Meniňem bilenim-bitenim oýundyr. Iki öý aňyrrakda ýaşaýan Aşyrdyr Berdi dagy bilen aşyk oýnardym. Irden bolsa hezil edip ýatmaly. Şonda ejemiň «Üstüňe Gün düşüp gitdi, tur, öýe bir gir» diýen sesine zordan turup, ýassygymy alardym-da, öýe ylgardym. Belkem ejem meni turuzmaga dözýän däldir-dä, öz işi bilen gümra bolubererdi. Ýöne juda ýaltansam-da, alaja gölämiziň ot-iýmine seretmeli, suwdan gandyrmaly mendim. Gölä ot-suwuny berip, ýene ýatyberer ýalam däl, ýaňy bir çaý-çöregimi iýerime mähetdel, ýegre dostum Aşyram gapyda häzirdir. Onsoň Gün gaty gyzmanka elimize orakdyr halta alyp, ota gitmelidik. Biziň tirkeşip barýanymyzy gördügi keltejik boýluja, dolmuşja Berdem bize hökman goşulaýmaly. Onuň gyzmarak häsiýeti köplenç agzymyzyň alarmagyna-da getiräýýär. Biziň galmagalymyza gurjagyny goltuklap, duldegşir goňşymyzyň gyzjagazy Şemşadam baý tomaşa eder-dä. Käte onuň jykyrdap gülşüne Berdiniň gaharam gelerdi. Tomus pasly şagalaňly pasyl. Günüň howry gaçyberer welin, töwerek gyzan bazara dönäýer. Hut çaga dünýäsiniň özboluşly gyzygy bilen joş urýandyr. Tä surnugýançaň oýun bilen gümrasyň. Tomus gijeleriniň serginligini diýsene. Asman gümmezinde lowurdaşýan sansyz-sajaksyz ýyldyzlaryň owa

Sähra bizi çagyrýar

Gunça açan güllerden,Säher çygy syrygýar.Ýör gideli, gollardan,Sähra bizi çagyrýar. Çeçekleň başyn yrap,Şemal täsin sygyrýar.Ýolumyza gül büräp,Sähra bizi çagyrýar.

Bakylyga barýan ýol

Çagalyk döwri her kimiň kalbynda özüniň ýakymly ýatlamalaryny galdyrýar. Magtymguly hem çaga döwürleri özi ýaly oglanlar bilen golaý-goltumdaky dag etegindäki öri meýdanlarda mal bakyp, her dürli oýunlar oýnardylar, matal, erteki aýdyşyp, biri-birlerine halk döredijiliginiň gahrymanlary hakda gyzykly rowaýatlary gürrüň bererdiler. Çagalykdan saýlanyp, ýigit çykan jahyl soňky döwür mahal-mahal öýe, oba sygman, özüniň içki howalasyny basmak üçin keremli daglara seýil etmekligi çykardy. Ezelden Hakdan halatly ýigdekçäniň gursagynda has kämil ylym-bilim almak, dünýäni gezmek, öwrenmek höwesi gaýnap joşýardy. Ine, bu günem ol Hasar dagynyň derelerine çykyp, tebigatyň gözel künjünde özüniň içki oýlaryna gümra boldy: «Bu dünýäde Hudaýyň öýi hasaplanýan metjit-medreselerden soň iň mukaddes ýer, elbetde, ylym-bilim ojaklary hem-de kitaphanalar bolmaly. Aýdyşlaryna görä, ylym öwrenmek oraza tutup agyz beklemegiň, öwrenen ylmyňy il-günüňe ýaýratmak bolsa namazyň deregine geçýärmişin. Ylma hem ylhama eýe bolan adama ylahy dünýä öz gapylaryny giňden açýar. Elbetde, ylym ölçegdir. Çünki bakylyga barýan ýol ylmyň üstünden geçýär. Ylymsyzlyk edepsizlige hem-de nadanlyga ýol açýar. Nadanlyk lybasyny geýen ynsan ýagşylygyň, ýamanlygyň parhyny bilmez. Terbiýesizlik gedemlige, gedemlik bolsa nadanlyga tarap ýol açýar. Bilimsiz adamy nadanlykda aýyplap bolmaz. Çünki bilimsizlik bilen nadanlyk hersi

Täze dost (Hekaýa)

Okuwdan geleli Kemalyň hiç zat bilen seri bolmady. Alma agaçlarynyň düýbüni hem göwünsizlik bilen depýärdi. Onuň heniz beýle gussalydygyny gören ýok. Ony hemme kişi şadyýan daýhan oglan hasaplaýardy. Onuň atasy daýhan birleşigiň belli kärendeçisi, bagtyny mele toprakdan tapan daýhan. Kemala hem daýhançylygy atasy öwretdi. Ol mekdepde-de göreldeli okuwçy — hormat partasynyň eýesidi. Sapaklaryna gowy ýetişip, mugallymlaryndan yzygiderli «berekella» alýar. Matematika sapagyny aýratyn gowy görýär. Bu gün bolsa ol gaty ünjüli. Nämedir bir zat ony örän biynjalyk edýär.

Setirleri döwürleri bezeýän dana

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Parižde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna girizildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleriniň 70-den gowragynda dürli yklymlar, sebitler, ýer-ýurtlar, irki orta asyr geografik menziller, gadymy, meşhur toponimik merkezler bilen bagly taryhy, edebi aňlatmalara, durmuş hakykatlaryna salgylanylýan tymsallaryň, çeper meňzetmeleriň, jemgyýetçilik gymmatlyklaryň 200-e golaýy duş gelýär. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýada, gadymy dünýäde taryhy rowaçlyklaryň ösüşine işjeň gatnaşan, geçmişiň görnükli yklymara sebitleriniň biri bolan Turan ülkesidir. Dünýäniň çeperçilik, ahlak, ylmy we jemgyýetçilik medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ussadyň 10-dan gowrak eserlerinde Turan ýaýlasy, onuň bilen serhetleşen mekanlaryň, ülkeleriň, şäherleriň atlarynyň waspnamalary duş gelýär. Şahyryň «Bir işe ulaşdy», «Arş aglaýa», «Eýwany tört» gazallarynda «Kimi gitdi, Eýran, Turan, Kimi Yspyhan, Töwriz aşdy», «Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr», «Anyň wahemesine Eýran-Turana geldi», «Eýran-Turany gezip, azmy-Horasan geldi» diýip bellenilýän danawy setirleri taryhy hakykatlaryň çeper söz sungatynyň gözelligine gatnaşygyny, sazlaşygyny giňden açyp görkezýär.

Magtymgulyny rus dilinde «gürleden» terjimeçiler

Magtymgulynyň şygyrlary uzak ýyllaryň dowamynda dürli dillere terjime edildi. Ýadyma düşenleriniň käbirini sanap geçäýeýin: iňlis, nemes, polýak, wenger, belarus, moldawan, ukrain… Türki dilleriniň-ä hasabynam ýöretjek däl. Eýsem, şol terjimelerde Magtymgulynyň ruhuny bermek başartdymyka? Muňa anyk jogap berip bilemok. Sebäbi agzalyp geçilen dillerden başym çykanok. Dogrusy, terjimede asyl nusgasynyň derejesine ýetmek mümkin däl. Bu birçak ykrar edilen hakykat. Terjimede asyl nusganyň altmyş-ýetmiş göterimini alyp bilseň, ussatlyk hasaplanýar.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat Paý­tag­ty­myz­da­ky «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da­ky dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň meş­hur we­kil­le­ri­niň heý­kel­le­ri­niň ara­syn­da ga­zak aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň meş­hur we­ki­li, gör­nük­li halk şa­hy­ry Kur­man­ga­zy Sa­gyr­ba­ýu­ly­nyň hem heý­ke­li bar. Nus­ga­wy ga­zak şa­hy­ry­nyň hem-de mil­li aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň meş­hur we­ki­li­niň heý­ke­li­niň Kö­pet­da­gyň aja­ýyp kün­je­gin­de bi­na edi­len me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da otur­dyl­ma­gy iki do­gan­lyk hal­kyň me­de­ni, edebi gat­na­şyk­la­ry­nyň asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan­dy­gy­na, Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­ta­nyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň mi­ze­mez­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Şygryýetiň köpdürli öwüşginliligi bilen muşdaklaryny haýran edýän Magtymguly Pyragy tutuş adamzat kalbynyň beýik şahyrydyr. Dana akyldaryň döredijiliginde diňe bir halka, bir millete däl-de, tutuş adamzada mahsus umumylyk bar. Mertlik, gahrymançylyk, ynsanlara ýagşylyk etmek, Watana söýgi, il-günüň derdine ýaramak, birek-birege sarpa goýmak baradaky goşgular her bir okyjy üçin täsirlidir. Ýaşlarda milli ruhy terbiýelemek baradaky goşgular hem akyldar şahyryň döredijiliginde uly orun eýeleýär. Magtymguly Pyragy dünýäniň akyldary, umumadamzat şahyrydyr. Magtymguly türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan, Hakdan halatly danadyr. Akyldar şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlary diňe bir türkmen okyjylaryny däl, eýsem, daşary ýurtly okyjylary hem gyzyklandyrýar.

Ýagşy edep — ýagşy terbiýe

Türkmen maşgalasynda çaga ese-boýa galandan, oňa edep-terbiýe berilýär, ula hormat goýmak, kiçini sylamak, birek-birege kömekleşmek öwredilýär. Perzent ulalansoň, il-günüň derdine ýaraýan ilhalar bolmagy, dogry sözli, zähmetsöýer, ak ýürekli, ynsaply, mert bolmagy öwüt-ündew edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar görnükli orun tutýar.

Buýsançnama

Sahawatly, belent maksatlar tutan,Arkadagly Gahryman Serdarymyz!Durmuşymyz gözel, gül açýar Watan,Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Jenneti mekana meňzeş ülkämiz,Döwrümiz eşretli, nurly ertämiz,Giň dünýäde barha artýar sarpaňyz,Arkadagly Gahryman Serdarymyz!