Akyldar şahyryň edebi mirasy

25 Awgust 2024
196

Şygryýetiň köpdürli öwüşginliligi bilen muşdaklaryny haýran edýän Magtymguly Pyragy tutuş adamzat kalbynyň beýik şahyrydyr. Dana akyldaryň döredijiliginde diňe bir halka, bir millete däl-de, tutuş adamzada mahsus umumylyk bar. Mertlik, gahrymançylyk, ynsanlara ýagşylyk etmek, Watana söýgi, il-günüň derdine ýaramak, birek-birege sarpa goýmak baradaky goşgular her bir okyjy üçin täsirlidir. Ýaşlarda milli ruhy terbiýelemek baradaky goşgular hem akyldar şahyryň döredijiliginde uly orun eýeleýär.

Magtymguly Pyragy dünýäniň akyldary, umumadamzat şahyrydyr. Magtymguly türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan, Hakdan halatly danadyr. Akyldar şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlary diňe bir türkmen okyjylaryny däl, eýsem, daşary ýurtly okyjylary hem gyzyklandyrýar.

Ýazgül ANNAÝEWA,
žurnalist.